Eserde meşhur kosmonawt

7 Fewral 2024
702

Gürrüňimi «Älem syýahatçylary» diýen işime syrykdyrmankam, nirelerde okap, nirelerde ýetişendigim barada az-kem aýdaýyn.

2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra akademiýanyň özünde bilim aldym. «Älem syýahatçylary» atly işim şu döwre degişli. Näme üçin şu mowzugy saýlap aldyňyz diýmegiňiz mümkin. Bu meniň çagalyk hyýallarymyň kendir ýüzüne geçmesidir. Her bir adam öz ýurdunyň ähli ulgam babatda, onda-da ylymda, tehnologiýada ösen ýurt, döwrüň depesinde durýan ýurt bolmagyny arzuw edýär, şol barada hyýal ýüwürdýär. Menem şeýledim. Ine-de, ildeşimiz, biziň ýurdumyzda dünýä inip, kosmosa çykan Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Dmitriýewiç Kononenko baradaky tema bilen ýüzbe-ýüz boldum. Bu tema meniň arzuwlarym bilen ugurdaş gelýärdi. Dessine işe başladym. Men öz ylhamymyň güýjüne daýanyp, Watanymyzyň kartasyna kosmonawtyň gözi bilen bakasym geldi. Akademiýada her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» sergisi hem bu hyýalyma badalga berdi. Ýaşyl, gök reňkleri ulanyp, ozaldan kalbymyň töründe orun alan hyýallarymy şekile geçirmek maňa kyn düşmedi. Işimiň merkezinde hem eziz Watanymyz Türkmenistanyň Ýer şaryndaky ornuny, türkmeniň ýaşyl tuguny şekillendirdim.

Gunça ATAÝEWA,
suratkeş.