Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar sazlaşykly ösýär. Şolar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz sungatymyz hem barha baýlaşýar. Yzygiderli geçirilýän halkara festiwallarda, aýdym-saz bäsleşiklerinde täze zehinleriň ýüze çykmagy ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna uly üns berilýändigini görkezýär.
Aýdym-sazyň hoş owazynyň ýaňlanýan ýeri hemişe alaýazdyr. Sungatyň bu görnüşinde inçe tilsimler, çylşyrymly çuň ýollar bar. Bar durkuň, düýrmegiň bilen aýdym-saza berilmeseň, bu ýollardan geçäýmek her bir adama başartmaýar. Biz hem çagalar sungat mekdebimizde ösüp gelýän ýaş nesillere aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwredýäris. Olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşikleri geçirýäris. Bäsleşiklere gatnaşyp, birek-birekden kem durman aýdym aýdyp, saz çalýan ýaş nesiller bu jadyly dünýä içgin aralaşýandyklaryny, öwrenmäge yhlas edýändiklerini görkezýärler.