"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dessançy zenan bagşy

Mähriban Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda halypa bagşy-sazandalaryň birnäçesi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Ol halypalaryň arasynda zenan bagşylaryň bolmagy has-da buýsandyrýar. Şolaryň içinde dessançy zenan bagşy Akjagül Myradowa barada aýdanymyzda, halypa bagşa ilkinji dessançy zenan bagşy diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. Bagşylaryň arasynda Akjagül bagşynyň ýoly diýdirip, öz aýratynlygyny zenan bagşylara ýol-ýörelge edip goýan halypa bagşy şu derejelere ýetmek üçin köp ýollary geçmeli bolupdyr. Ýaşajyk Akjagül ilkinji gezek Daşoguz welaýatynda çagalaryň arasynda geçirilen aýdym-saz ýaryşyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär. Özüniň ýakymly we owadan owazy bilen ussat halypa Magtymguly Garlyýewiň gözüne ilýär. Şeýdibem, ýaşajyk zehinli bagşa Magtymguly Garlyýew halypalyk edip ugraýar. Magtymguly Garlyýew şol wagtlar teatrda bagşy-sazandalaryň toparyny döredipdi. Ol ýaş zehini şol döreden toparyna alýar. Akjagül ol ýerde ussat halypadan we onuň gyjakçysy Sapar Bekiýewden sapak alyp başlaýar. Akjagül halypalardan bagşyçylyk ýolundaky ilkinji tälimlerini alyp, gysga wagtyň içinde birnäçe aýdymlary öwrenip özleşdirýär. Ol soňra 1942—1946-njy ýyllarda mugallymçylyk edýär, öz işinden daşary mekdepde aýdym-saz gurnagyny döredip, höwesli ýaşlara aýdym öwredýär. 1946-njy ýyldan soň, Akjagül bütinleý aýdym-saza girişýär. Daşoguzda açylan täze teatra bagşy

Mizemez Miras

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhy tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli halyçylyk sungatyna, alabaýlara, bedew atlara, saryja goýna, arwana düýelere, elguşa, waharman gawunlara, ak bugdaýa we beýleki gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa örän uludyr. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mizemez medeni mirasymyz» atly geçirilen fotosuratlar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşik ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Bäsleşigiň esasy aýratynlygy oňa ýurdumyzyň gelin-gyzlary tarapyndan ynsan gylykly, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň fotosuratlarynyň hödürlenmegi boldy.

«Göwün at üstünde ganat baglady»

Hormatly Prezidentimiziň şu goşgy setirlerinde ussatlyk bilen beýan edişi ýaly, türkmen bedewiniň we wepadar alabaýynyň şanyna tutulan toýda — baýramçylyk günlerinde göwünlerimiz, dogrudan-da, at üstünde ganat baglady, ýagny ilkinji gezek bilelikde geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlige beslendi. Muňa şol günlerde örän ýokary derejede geçirilen bäsleşikdir dabaraly wakalar hem doly şaýatlyk etdi. Öňňin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylyp, göwünleri ganatlandyrdy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna sagbolsunlar aýdylyp, welaýatlarymyzyň we Aşgabat şäheriniň agzybir ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri

Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl elimize gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän ýagşy häsiýetleri we ajaýyp däp-dessurlarymyz dürli rowaýatlaryňdyr, pähim-paýhasly sözleriň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär. Halkymyzyň taryha nur çaýýan milli häsiýeti, akyldarlarynyň, danalarynyň miras galdyran paýhas dürdäneleri barha kämilleşdirilip, jemgyýetçilik kadalaryna öwrülipdir.

Aşgabadyň waspy hoş owazlarda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän gözel Aşgabadymyzyň köçelerine, seýilgählerine seýle çykan her bir adamyň göwni açylyp, ylhamy joşýar. Şonda Garaşsyz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, gözel paýtagtymyza bolan söýgi ajaýyp saza dönüp ýaňlanyp başlaýar. Türkmen kompozitorlary hem dürli döwürlerde, merjen şäherimizi wasp edip, onlarça ajaýyp aýdymlary döretdiler. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň şahyr Anna Kowusowyň sözlerine döreden «Aşgabat» atly aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi Weli Muhadowyň, şahyr Atadurdy Gurbanowyň goşgusyna döreden «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy öz şirinligi bilen tapawutlanýar. 1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen bu aýdym, indi 40 ýyl bäri konsertlerde, teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ruhubelent owazy bilen ýüreklerde orun alan bu aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen meşhur türkmen kompozitorlarynyň saýlanan eserleriniň

Bedewlerimize buýsanýarys

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ýurdumyzda iri pagtaçylyk, gallaçylyk, şalyçylyk etrabydyr. Şunuň bilen birlikde etrapda ajaýyp bedewler ösdürilip ýetişdirilýär. XX asyrda bu ýerde Mätdurdynyň dory, Parahat, Çebşek, Boýnak, Akbilek, Atmaýran, Terguş ýaly atlar seýislenip ýetişdirilipdir. Olar barada rowaýata öwrülen gürrüňler şu günlerem bedew janköýerleriniň dilinden düşmeýär. Parahat, Garagär ýaly atlar geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda geçirilen Aşgabat — Moskwa at çapyşygyna gatnaşyp şöhrat gazanypdyrlar. Garagär diýen bedew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna äkidilip, soň dolanyp gelmeýär. Parahat şol döwürde Moskwa — Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) aralygyna 500 kilometre guralan ýaryşda ikinji orny eýeleýär.

Bedewim — uçar ganatym, alabaýym — göwün şadym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ilkinji gezek bilelikde bellenýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar giň gerim alýar. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde, döwlet derejesinde bellenilmegi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän milli ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Pederlerimiz irginsiz aladany talap edýän seýisçiligiň gadymy syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan arkalyk dokap, at arkasyny bezän bolsalar, zergär ata-babalarymyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstüniň eýeriniň-de rahatdan, gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar.

Şygryýet älemi

Bardyr Beýik Ýüpek ýollarynyň dowamy,Güllere bürenen ýollarmyz bardyr.Oguz hanyň, Gorkut ataň kelamy,Dili sena bolan illermiz bardyr.

Türkmeniň milli buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek Karar edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary esasynda ahalteke atlary uly şöhrata eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmegi meşhur ahalteke bedewleriň, görnükli seýisleriň, atşynaslaryň, hem-de atşynaslyk sungatynyň syrly tärleriniň öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi.

Ata çykan alysy gözlär

Häzirki wagtda türkmen atçylyk sungaty, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Bütin dünýäde giňden ýaýran atçylyk sporty Diýarymyzda hem ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda hem alada ederis» diýen parasatly pähimlerinden ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy has-da belende göterildi. Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen topragynda ösüp ýetişmeginde-de, önüp-ösmeklerinde-de uly özboluşlylyk bar. Türkmen tebigaty diýseň jana şypaly, owadan hem gözel. Ine, şeýle tebigatda-da türkmen bedewleri dünýä inip, melhem otlar bilen iýmitlenýär. Adamlaryň mähri bilen kemala gelýär. Ine, onsoň adama kybapdaş häsiýetli bedewlerimiz türkmen tebigatynyň çogly güneşi, bu toprakda bitýän müň dürli otlar, türkmenleriň ýyly mähri we söýgüsi bilen hem ajaýyplyga ýetýär. Türkmen halkynyň medeniýetini bedewsiz asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen öz ýakyn dosty, syrdaşy bolan atyny maşgalasynyň bir agzasy hökmünde kabul edýär. Halkymyzyň bedew atlara hormat-sarpasy ýokarydyr.

Gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasy

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler. Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy

22-nji aprelde Mary welaýat merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary ruhubelentlikde, giňden we dabaraly bellenilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz gadymy milli mirasymyzy, onuň deňsiz-taýsyz gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge, halkara derejesinde doly ykrar edilmegine döwlet syýasatynda uly orun berýär. Ýurdumyzda behişdi bedewlerimiz bilen bir hatarda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlaryň köpeldilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler giň gerimde dowam etdirilýär.

Ak şäherim Aşgabat!

Watanymyň paýtagty,Eçilýäň bize bagty,Gijeleň nurly, ýagty,Ak şäherim Aşgabat! Eredi daglaň gary,Joşýar ýüregmiň tary,Barýarsyň bagta sary,Ak şäherim Aşgabat!

Goşgular çemeni

Waspyň dilde dessan, bedew! Hakyň yşky halatyňda,Günüň nury kamatyňda,Ýyllaň bady ganatyňda,Waspyň dilde dessan, bedew!

Alabaý

Dünýä nusga bolup, şöhrat-şan bolup, Älem içre meşhur bolan Alabaý.

Aşgabat — dünýäniň kino sungatynda

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanyljak merjen şäherimiz Aşgabat dürli ýyllarda dünýäniň kino sungatynyň taryhyna giren çeper filmleriň surata düşürilen ýeri hökmünde hem bellidir. Öz döwründe şol filmler dünýäniň ençeme döwletlerinde görkezilip, many-mazmuny we çeperçilik taýdan kämilligi bilen kino muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olaryň birnäçesi daşary ýurtlarda geçirilen halkara kinofestiwallarynda dürli baýraklara mynasyp boldy. Biz gazetimiziň şu sanynda Aşgabat şäherinde surata düşürilen şol filmleriň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. «Älemgoşar». 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ukrainanyň tanymal kino ussatlary Aşgabada gelýärler. 1943-nji ýylda belli ukrain kinorežissýory Mark Donskoý «Älemgoşar» atly çeper filmi surata düşürýär. Wanda Wasilewskaýanyň edebi esasyny ýazan eseri boýunça surata düşürilen bu filmde uruş döwründe sada ukrain zenanynyň nemes basybalyjylaryna garşy alyp baran partizançylyk hereketleri şöhlelendirilýär. 1944-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda filmiň ilkinji görkezilişi bolýar. Şol ýylda bu filmi surata düşüren kinorežissýor M.Donskoý, operator B.S.Monastyrskiý, baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyran artistler O.Kostýuk, N.Alymowa, Ý.Týapkina daga döwlet sylagy gowşurylýar. 1944-nji ýylda film ABŞ-nyň kino tankytçylarynyň birleşmesiniň hem-de «Daily News» gazetiniň, ABŞ-ny

Kino äleminiň öçmejek ýyldyzy

1963-nji ýylda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen 2-nji Merkezi Aziýa we Gazagystan Respublikalarynyň sebitara kinogörkezilişik bäsleşiginde bu çeper filmiň režissýory M.Atahanowa «Iň gowy režissýorlyk işi üçin» diýen ugur boýunça diplom we baýrak gowşurylýar. Biziň söhbedimiz milli teatr we kino sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat halypalaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti Meret Atahanow hakynda. Ol 1914-nji ýylda häzirki Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýyldyz obasynda dünýä inýär. Çagalykdan degişgen, alçak häsiýeti bilen köplere özüni aldyrmagy başaran oba oglany sungata bolan özboluşly zehini bilen tiz adygýar. Ýöne ol özüniň bu ugurdan bilimli-sowatly bolmalydygyna magat göz ýetirýär. Eýýäm şol ýyllardan başlap, artist bolmagyň kül-külüne düşen ýaşajyk Meret nirä, kimiň ýanyna barmalydygyny, nirede we haçan okamalydygyny bilmese-de, doga ruhubelentlik bilen dem alyp, ozalkysy ýaly gülki-degişme bilen ýaşaýar.

«E-S-iň» arhiwinden

«Kakam gaýdyp geler» filminden.

Gadymyýetde ýaňlanan owazlar

Hor sözi gadymy grek dilinden terjime edilende toparlanyşyk, üýşmeleň diýen manyny berýär. Bu söz aslyýetinde adam sesleriniň bir wagtda, birbada owaz etmegi manysynda ulanylyp ugralypdyr. Wokal sazlary we hor aýdym-saz sungatynyň iň gadymy görnüşleri bolup durýar. Ýerine ýetirilişiň bu görnüşleri, hatda saz gurallarynyň döremeginden hem has öň ýüze çykypdyr diýip hasaplanylýar. Sebäbi islendik halkda-da aýdym aýtmagyň gaty ir döwürlerden bäri, birnäçe adam bolup ýerine ýetirilýän görnüşleriniň bardygy bu pikiri öňe sürmäge esas döredýär. Muňa halkymyzda bar bolan noý-noý, läleler, ýarowjan, dönem... ýaly köpçülikleýin ýerine ýetirilen aýdymlary mysal görkezip bileris. Taryhda çagalary aýdym-saz sungatyna imrikdirmekligiň uly ähmiýete eýe bolmagyny onuň ýaş ösdürimiň aň taýdan kämilleşmegine-de täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Çagada sesiň we sazy duýuş zehininiň terbiýelenmekligi onuň diliniň kämilleşmegine täsirini ýetirýär, dil bolsa pikir ýöretmegiň esasy daýanjy bolup durýar. Saz adam bedeniniň beýleki agzalarynyň ösüşiniň kadaly bolmagyna, iň esasy-da, çaganyň aýdym-sazyň, esasan-da, hor sungatynyň içinde önüp-ösmegi onuň özüni alyp barşyna gowy täsir edýär.