Mizemez Miras

24 Aprel 2021
1104

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhy tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli halyçylyk sungatyna, alabaýlara, bedew atlara, saryja goýna, arwana düýelere, elguşa, waharman gawunlara, ak bugdaýa we beýleki gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa örän uludyr.

23-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mizemez medeni mirasymyz» atly geçirilen fotosuratlar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşik ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Bäsleşigiň esasy aýratynlygy oňa ýurdumyzyň gelin-gyzlary tarapyndan ynsan gylykly, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň fotosuratlarynyň hödürlenmegi boldy.

Ýörite habarçymyz.