Gadymyýetde ýaňlanan owazlar

22 Aprel 2021
1043

Hor sözi gadymy grek dilinden terjime edilende toparlanyşyk, üýşmeleň diýen manyny berýär. Bu söz aslyýetinde adam sesleriniň bir wagtda, birbada owaz etmegi manysynda ulanylyp ugralypdyr. Wokal sazlary we hor aýdym-saz sungatynyň iň gadymy görnüşleri bolup durýar. Ýerine ýetirilişiň bu görnüşleri, hatda saz gurallarynyň döremeginden hem has öň ýüze çykypdyr diýip hasaplanylýar. Sebäbi islendik halkda-da aýdym aýtmagyň gaty ir döwürlerden bäri, birnäçe adam bolup ýerine ýetirilýän görnüşleriniň bardygy bu pikiri öňe sürmäge esas döredýär. Muňa halkymyzda bar bolan noý-noý, läleler, ýarowjan, dönem... ýaly köpçülikleýin ýerine ýetirilen aýdymlary mysal görkezip bileris.

Taryhda çagalary aýdym-saz sungatyna imrikdirmekligiň uly ähmiýete eýe bolmagyny onuň ýaş ösdürimiň aň taýdan kämilleşmegine-de täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Çagada sesiň we sazy duýuş zehininiň terbiýelenmekligi onuň diliniň kämilleşmegine täsirini ýetirýär, dil bolsa pikir ýöretmegiň esasy daýanjy bolup durýar. Saz adam bedeniniň beýleki agzalarynyň ösüşiniň kadaly bolmagyna, iň esasy-da, çaganyň aýdym-sazyň, esasan-da, hor sungatynyň içinde önüp-ösmegi onuň özüni alyp barşyna gowy täsir edýär.

Nurjahan HANBEKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.