"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Täjigistan: hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidip

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň ýokary döwlet ýolbaşçylarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şu ýylyň 4-5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary hem bu babatda täze gözýetimleri açdy. Milli gahrymana sarpa

Pariždäki maýa goýum forumy

türkmen ykdysadyýetiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy 24-25-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi.

Halkara olimpiada geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda iri halkara çäreler, maslahatlardyr bäsleşikler yzygiderli guralýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III halkara olimpiada (IIOE — 2024) geçirildi. Oňa dünýä ýurtlaryndan iki müňe golaý talyp gatnaşdy. Üstünlikli geçen halkara olimpiada gatnaşanlaryň hatarynda Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Russiýa, Hindistan, Türkiýe, Hytaý, Belarus, Demirgazyk Kipr, Şri-Lanka, Fransiýa, Awstriýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Argentina, Awstraliýa, Indoneziýa, Ispaniýa, Tailand, Malaýziýa, Yrak, Wýetnam, BAE, Koreýa Respublikasy, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň talyplary-da bar.

Türkmen-gruzin ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet Baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy döwründe ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu ugurda milli ösüşiň kuwwatlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine daýanyp, daşary syýasy strategiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirýär. Durmuşyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan döwletimiz tarapyndan hödürlenilýän teklipler, oňyn başlangyçlar adamzat ösüşinde oýlanyşykly çemeleşmeleri gözlemäge hem-de işläp taýýarlamaga gönükdirilendir, olar özara düşünişmek hem-de ynanyşmak, ähli döwletleriň we halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek we bähbitlerini berjaý etmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, zehinli atşynas Aba Annaýewiň ady dakyldy. Munuň özi ýurdumyzda tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Arkadag şäheri, 24-nji aprel (TDH). Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

24-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Pariž, 24-nji aprel (TDH). Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parižde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy ýerli kompaniýalaryň ikisiniň «Airbus» we «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Parižde TEIF 2024 halkara forumy öz işine başlady

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) çarşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forumyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. “Forumyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.

Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga alan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde şu gün — 24-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ygtybarly kiberhowpsuzkyk, aragatnaşyk we kosmos ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-german strategik hyzmatdaşlyk kartasynyň çäginde ulag geçelgesi meselelesine hem garaldy

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Arkadag şäheri, 24-nji aprel (TDH). Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Pariž, 24-nji aprel (TDH). Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkiýede boldular

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar doganlyk ýurduň Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar. Türkiýede guralan dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň arasynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletlerden gelen çagalaryň bardygyny bellemek gerek.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Ankarada işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, dostlukly Türkiýe Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky başarnyklaryna bagyşlanan kitabynyň türk diline terjime edilmeginiň dostlukly halkyň okyjylaryny, aýratyn-da, ýaş nesillerini Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny bilen içgin tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygy hakda gürrüň edildi. Dabarada hem bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň türk diline terjime edilen we ösüp gelýän nesliň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky üstünliklerine bagyşlanan, şeýle-de ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak oglan-gyzlar boljakdyklaryna umyt baglaýan eser şu günki we geljekki nesiller üçin ýolgörkeziji ýan kitabyna öwrüler.