24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.
Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.