Türkmen-gruzin ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda

25 Aprel 2024
441

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet Baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy döwründe ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu ugurda milli ösüşiň kuwwatlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine daýanyp, daşary syýasy strategiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirýär.

Durmuşyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan döwletimiz tarapyndan hödürlenilýän teklipler, oňyn başlangyçlar adamzat ösüşinde oýlanyşykly çemeleşmeleri gözlemäge hem-de işläp taýýarlamaga gönükdirilendir, olar özara düşünişmek hem-de ynanyşmak, ähli döwletleriň we halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek we bähbitlerini berjaý etmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Allaberdi AŞIROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti.