"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldýär

Golaýda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçirilen Birinji «Demirgazyk-Günorta» söwda-logistika forumynyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde üç döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň ulag pudagyndaky mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar Pakistana çykalganyň elýeterliligini üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt daşamagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa ýokarda agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) demir ýol gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Deňiz ulaglary ulgamynda türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň deňiz we gury port terminallarynda gözegçiligi güýçlendirmek, terminallaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyrylmaga niýetlenilen enjamlary we bu babatda sanly çözgütleri prezentasiýa arkaly tanyşdyryldy.

Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy

21-nji iýulda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr. Otly Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän Eýranyň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan ýola düşüp, Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.

Türgenlere şowlulyk arzuw edildi

22-nji iýulda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar sport toplumyň esasy girelgesiniň ugrunda guralan sergini synladylar. Onda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar görkezildi. Soňra hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Ondan soňra dabarada çykyş edenler ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilendigini buýsanç bilen bellediler.

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garaldy

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak bilen, Gazagystan - Türkmenistan - Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mango festiwaly — dostluk baýramçylygy

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda halkara mango festiwaly geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, telekeçiler, žurnalistler gatnaşdylar. Bu özboluşly çäre Türkmenistanda ilkinji gezek guralyp, türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi

16-njy iýulda Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

19-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy boldy. Ol şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Duşuşykda iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşan işewürlik maslahatynyň ýokary guramaçylyk we netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Bu forumda Emirlikleriň energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlaryna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Türkmen wekiliýeti logistika boýunça üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy

Aktau şäherinde (Gazagystan) 19-njy iýulda geçirilen ilkinji «Demirgazyk — Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara almak bilen, Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde, agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) çenli uzajak demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy. Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan» ulag ugrunyň «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýandygy, onuň netijeli peýdalanylmagynyň ýükleri daşamagy başlangyç tapgyrda 5-den 8 million tonna çenli möçberde, geljekde bolsa, 20-den 30 million tonna çenli üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Türkmenistan bilen Slowakiýanyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi Bratislawa şäherinde geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 16-17-nji iýulda syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyza sapar bilen gelen Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Demirgazyk Afrika ýurtlary müdirliginiň Baş direktory Samuel Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şeýle hem Singapur Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, gämi gurluşyk we port hyzmatlary ulgamynda özara tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler bar.

EÝRAN ERMENISTANA HER ÝYL 360 MILLION KUB METR TEBIGY GAZY EKSPORT EDÝÄR

Eýran ýakyn wagtda Ermenistana eksport edilýän tebigy gazy 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Mehdi Sobhaniniň sözlerine salgylanyp, «SNN» habar berýär. Ilçiniň bellemegine görä, geçen ýyl 2030-njy ýyla çenli uzaldylan «Tebigy gazy elektrik energiýasyna alyş-çalyş etmek boýunça» ylalaşyga laýyklykda, her ýyl 360 million kub metr tebigy gaz Eýrandan Ermenistana eksport edilip, onuň deregine elektrik energiýasy import edilýär.

Türkmen-özbek işewürlik gatnaşyklary ilerledilýär

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Daşkent şäherinde ýurdumyzyň milli sergisi geçirilip, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 60-sy öz önümleri bilen gatnaşdy. Özbek paýtagtynyň «Anhor-Lokomotiw» parkynyň sergiler zalynyň giň diwarlyklaryny «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly azyk, senagat, dokma, haly önümleri hem-de ösüşlerimizi alamatlandyrýan, milli röwüşdäki köp sanly mahabat sütünleridir monitorlar bezedi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, onuň barha işjeň häsiýete eýe bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber uly goşandynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Özbegistan bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli ösdürilýär. Birek-birege amala aşyrylan ýokary derejeli saparlardyr geçirilen netijeli gepleşikler özara gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky işewürlik geňeşi işjeň hereket edýär.

Türkmenistan — ÝUNISEF: netijeli gatnaşyklaryň berk binýady

Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etmegi, onuň döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany, ilki bilen, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goragly

Türkmenistan — Gazagystan: Dostluk. Hoşniýetlilik. Açyklyk

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, häzirki wagtda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýär. 17-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etmegi, ilçiniň hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurmagy muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerin

Türkmenistan — BMG: umumadamzat bähbidine hyzmatdaşlyk

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän giňdir. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran sapary munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň

Türkmenistan — BMG: Strategik dialog. Döwrüň talaplary. Täze gözýetimler

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Guramanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigi şunda esasy kesgitleýji şert bolup durýar. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary hem toplumlaýyn strategik dialogyň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Golaýda Daşary işler ministrliginde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisinde bolsa bu taryhy saparyň netijelerine garalyp, Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny amala aşyrmak boýunça milli hem-de halkara derejede guraljak çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda döredilen geňeşiň çäginde strategik meseleler babatda ýurdumyzyň Hökümeti bilen özara gatnaşyklaryň barha ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Ikinji jahan urşundan soň, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we toparlaýyn howpsuzlygy üpjün etmek arkaly Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň alyp barýan işi barada bu gün söz uzaldyp gürrüň edip oturmagyň zerurlygy ýok. Esaslandyrylan wagtynda düzüminde 51 ýurt bolanlygyndan, hä

HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞYGYRLAR

Özbegistan — dostlugyň, dostlaryň Diýary, parahatçylygyň mekany, döredijileriň mesgeni. Bu ýurtda 130-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Olaryň hemmesiniň hem diline, edebiýatyna, sungatyna, milli däp-dessurlaryna döwlet tarapyndan uly hormat goýulýar. Özbegistanda türkmen milletiniň wekilleri hem agzybirlikde, dost-dogan bolup ýaşaýarlar, zähmet çekýärler. Soňky ýyllarda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda festiwallar, dostluk agşamlary, iki halkyň beýik şahsyýetleriniň döredijiligine bagyşlanan çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda» Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, şu ýylyň 2-nji maýynda gözel paýtagtymyz Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletlerara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostluk aragatnaşyklary komiteti, Respublikanyň Türkmen medeni merkezi hem-de Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň wekiliýeti hem-de ýurdumyzdaky birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şol sanda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary, žurnalistler, talyplar gatnaşdylar. Dabaran

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksport etmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Report» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl Azerbaýjanyň Sumgaýyt sebitinde «IVECO» kysymly ýeňil we ýük awtoulaglarynyň önümçiligine niýetlenilen zawodyň işe başlamagyna garaşylýar. Ýylda 100 awtoulag öndürmäge ukyply zawodyň önümlerini Türkmenistana hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de zawodda öndürilen awtoulaglar Russiýa, Gruziýa we Eýran ýaly ýurtlara hem eksport ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.