Türkmenistan — BMG: Strategik dialog. Döwrüň talaplary. Täze gözýetimler

19 Iýul 2024
273

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Guramanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigi şunda esasy kesgitleýji şert bolup durýar. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary hem toplumlaýyn strategik dialogyň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Golaýda Daşary işler ministrliginde geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisinde bolsa bu taryhy saparyň netijelerine garalyp, Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny amala aşyrmak boýunça milli hem-de halkara derejede guraljak çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda döredilen geňeşiň çäginde strategik meseleler babatda ýurdumyzyň Hökümeti bilen özara gatnaşyklaryň barha ilerledilýändigine şaýatlyk edýär.

Ikinji jahan urşundan soň, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we toparlaýyn howpsuzlygy üpjün etmek arkaly Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň alyp barýan işi barada bu gün söz uzaldyp gürrüň edip oturmagyň zerurlygy ýok. Esaslandyrylan wagtynda düzüminde 51 ýurt bolanlygyndan, häzirki wagtda 193 döwleti özüne agza hökmünde birleşdirýän, ýöriteleşdirilen agentliklerdir maksatnamalaryň, gaznalaryň 30-dan gowragyny bir ulgama jemleýän bu gurama durnukly dünýä gurluşynyň binýatlaryny gorap saklamakda esasy orun degişli. Onuň meýdançasynda her bir ýurt ýüze çykýan jedelleri, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek babatda öz garaýyşlaryny beýan edip, ählumumy çagyryş bilen çykyş edip bilmek mümkinçiligine eýe. Milletler Bileleşiginiň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda has möhüm ähmiýetiniň bardygy hemmä aýan hakykat: biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bu abraýly düzüm tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilip, degişli Kararnamalar bilen berkidildi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».