Söwda-senagat edarasynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

21 Iýul 2024
150

16-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyza sapar bilen gelen Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Demirgazyk Afrika ýurtlary müdirliginiň Baş direktory Samuel Tanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şeýle hem Singapur Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, gämi gurluşyk we port hyzmatlary ulgamynda özara tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň Metbugat gullugy.