"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — dünýäniň binagärlik gözelligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amal edilip, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olaryň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, harby talyp ýaşlar hem döwrümiziň iri wakalaryna işjeň seslenýärler. Muňa mysal edip, golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik guramalary bilen harby-lukmançylyk fakultetiniň bilelikde guramaklarynda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, «Aşgabat — dünýäniň binagärlik gözelligi» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda uniwersitetiň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaýsa Kakabaýewa, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Gurbanmyrat Annamow, jemgyýetçilik ylymlaryny öwreniş kafedrasynyň müdiri Tekemyrat Gutlymyradow, harby-lukmançylyk fakultetiniň dekany, lukmançylyk gullugynyň maýory Muhammetnazar Nurnazarow, dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, podpolkownik Nurýagdy Akmämmedow hem-de fakultetiň serkerde-mugallymlary we harby talyplary çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça belleniljek bu senäniň taryhy ähmiýeti barada nygtadylar. Hususan hem, gözel paýtagtymyzyň geçen bir ýarym asyra golaý ýoluna ser sal

Watan waspynyň görelde mekdebi

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özüniň umman ýaly giň we çuňňur manysy, ony okan her bir okyjyny agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýandygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Bu kitapda hormatly Prezidentimiziň giň gözýetiminden gözbaş alan dana pikirlerde şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň many-mazmuny, olaryň her bir adam üçin döwrebap durmuş ýörelgelerini kemala getirmekdäki ähmiýeti aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň asyrlaryň dowamyndan şu günlere çenli gelip ýeten milli mirasymyza sarpa goýmakda, agzybirligini pugtalandyrmakda, ata Watana, zähmete, ene topraga bolan söýgini berkitmekde, ýagty geljege bolan beýik ynamy artdyrmakda, milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eseriniň ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda eziz Watana bolan egsilmez söýgini öňe sürüp, onuň eziz hem mukaddesdigini jaýdar beýan edýär. Mähriban Arkadagymyzyň her bir eseri egsilmejek ylham çeşmesi bolup, olarda ata Watan, onuň gadyr-gymmatyna düşünmek, ýurduň ösüşlerine guwanmak ýaly gymmatly pikirler öňe sürülýär. Bu bolsa milli Liderimiziň döwet galamyndan dörän her bir eseriň okyjylar köpçüligi üçin şu günki günde Watan waspynyň görelde mekdebine öwrülýändiginiň tassyknamasydyr.

Gözel görki nusgalyk şäher

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merjen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, wagyz-nesihat we maslahat duşuşyklary hem giňden ýaýbaňlanýar. Şol maksat bilen, ýakynda podpolkownik Rahmanberdi Salarowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Aşgabadyň gözel keşbi — okgunly ösüşleriň nyşany» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärede il sylagly ýaşuly Begmyrat Saryjaýew, mähriban ene Ogulnäzik Akmyradowa, TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Wepa Berdiýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Miwesoltan Jumaýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň hünärmeni Maksat Baýramow, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy, leýtenant Akmuhammet Aşyrjumaýew we çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Didar Nurgeldiýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda pederlerimiziň arzuwlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherimiziň gözelligi giňden wasp edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçylary gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp

Serhedimiziň sak goragçylary

Beýik Oguz handan gözbaş alýan ençe müňýyllyk taryhymyzyň dürli döwürlerinde halkyň öňüne çykan, durmuşyň çarkandakly ýollarynda ýan bermedik şahsyýetlerimiziň Watanyň parahatlygyny, halkyň asuda durmuşyny goramakda görkezen mynasyp ýollary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem dowam etdirilýär. Çünki ata-babalarymyzyň durmuş terbiýesine öwrülen ýörelgeleri nesilme-nesil sünnälenip, kämil derejede biziň günlerimize ýetirilipdir. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ata-baba aňyrsy watansöýüji, ar-namysy ähli zatdan ýokarda goýýan millet bolan türkmeniň gaýduwsyz ogullary eždatlarymyzyň watançylyk wesýetlerine, ýörelgelerine, beren sözlerine ygrarlydyklaryny ýurt goragynda subut edýärler. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedine öwrülen mukaddes araçägimizde gulluk edýän serhetçi esgerleriň gursaklarynda pederlerimiziň şu topragyň goragynda görkezen gaýduwsyzlyklary gaýnap joşýar. Podpolkownik Parahat Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän serhet birikmesinde ýurdumyzyň araçägini goraýan ezber ýigitler, esgerler Kadyr Çerkezow, Rozygeldi Penjiýew, Arazmyrat Gaýypow, Sarynyýaz Sarynyýazow dagy kabul eden harby kasamlaryna ygrarly bolup, Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny ak ýürek bilen berjaý edýärler. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň gezen daglarynda serhet ýodalaryny külterl

Bütindünýä saglyk gününe

Tagtabazar etrap hassahanasynyň Üzümçilik oba saglyk merkeziniň maşgala feldşeri Şirin Annaýewa, maşgala şepagat uýasy Mahym Alyýewa ynsan saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edýärler. Olar bu ýere gelýän hassalary güler ýüz bilen garşy alyp, ak ýürekden hyzmat edýärler. SURATDA: oba saglyk merkeziniň maşgala feldşeri Şirin Annaýewa bilen şepagat uýasy Mahym Alyýewa iş pursatynda.

Iki hekaýat

Adyllyk Bir adam Dawut pygamberiň zamanynda elmydama «Ýa, Alla, maňa zähmet çekmezden rysgal ber» diýip dileg eder eken. Oňa bolsa adamlar: «Seniň diýýäniň näme, sen näme däldirediňmi? Hatda Dawut pygamber hem rysgalyny işläp gazanýar» diýseler hem ol bu dilegini goýmandyr. Şol dileg edip ýörşüne bir gün onuň gapysyna bir öküz gelip duruberýär. Ol bolsa: “Meniň dilegim kabul boldy” diýip, öküzi soýýar, edil şol wagt hem öküziň eýesi onuň üstüne gelýär hem-de ondan öküzüň bahasyny talap edýär. Ol kişi: “Dilegimi kabul edip, bu öküzi Alla berdi” diýýär. Şeýdip, öküz eýesi bilen dawagär bolup, adamlary hem şaýat tutunyp, Dawut pygamberiň ýanyna barýarlar.

Türkmenistanyň “akylly” şäherleri — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sanly binagärligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Ahal welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan sebitiň täze döwrebap edara ediş merkezi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň ägirt uly taslamasyny durmuşa geçirmäge, ýagny maglumat hem-de kommunikasion tehnologiýalaryň esasynda onuň düzümini döretmäge aýratyn ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Sözüň doly manysynda, munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli maglumatlaryň jemlenmegini görkezýär. Degişli gulluklar şol maglumatlara eýe bolmak bilen, energiýanyň paýlanylyşyny gowulandyrmaga, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýolda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alýarlar.

Ýol ýörelgeden başlanýar

Döwrüň keşbi belli-belli pursatlarda has aýdyňlygy bilen açylýar. Biz ýakynda şeýle pursatlaryň birbada ikisine şaýat bolduk. Olaryň ilkinjisi 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegidir. Munuň özi döwlet durmuşynda täze tapgyr, täze tejribe bolup, geljege gönügen iň nurana maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Bu saýlawlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 100 göterim köplügini alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa hemmämizde çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Döwrüň keşbini özünde jemlän ýene-de bir möhüm pursat bolsa, öňňin, 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegidir. Hut döwlet Baştutany tarapyndan şeýle başlangyjyň öňe sürülmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň täze röwüşde ýüze çykmasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu gaznanyň döredilmeginiň maksadyny beýan edende, Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine ýüzlenmegi aýratyn täsirli boldy:

Sebitiň dür-merjeni

Aşgabat — berkarar Watanymyzyň ýüregi, dünýä ýaň salýan döwletli başlangyçlaryň gözbaş alýan şäheri. Bu gün ak mermerli paýtagtymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär, meşhurlygy artýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanjak paýtagt şäherimiziň häzirki baýramçylyk keşbini synlamak ählimiz üçin ýakymlydyr, buýsançlydyr. Bir-birinden beýik, owadan köşgi-eýwanly ymaratlaryň öňündäki, şaýollarynyň çatrygyndaky, ýaşyl begresli seýilgählerdäki nyşanlardyr bezegler ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny alamatlandyryp, Aşgabadyň toý ruhuna beslenendigini dabaralandyrýar. Şeýle ajaýypdan görkana görnüşleri synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sagatlaýyn özgerýän baş şäherimize buýsanjyň goşalanýar.

Gözelligiň hem-de bagtyýarlygyň şäheri

«Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly toýlara, baýramlara beslenýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen belleniler. Bu bolsa biziň her birimizde uly buýsanç döredýär, kalplarymyzy şatlyk bilen gurşap alýar. Eziz ata Watanymyz ykdysady we syýasy taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, binagärlik babatda hem asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde Gündogaryň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli sepgitler, aýratyn hem bina-gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygyna, öňde goýlan maksatlaryň örän tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aşgabat binagärlik, medeni hyzmat ediş, dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp, döwrebap şäherleriň biridir. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, halkara ülňülerine laýyk enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr.

Merjen şäher — Aşgabat

Mermer binaly paýtagtymyzyň arassa howasyndan dem alyp, şäheriň gözelligini synlaýyn diýip ýola düşdügiň, ýakymly duýgular seriňe dolýar. Bir çetde durup synlasaň, baglarynda saýraýan guşlaryň sesi seni özüne bendi edýär. Binalarynyň ýalkymy güneş bilen bäsleşip, ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Goýny bahar-ýaza meňzedilýän şäherimiz kimleri öz menziline ugradyp, kimleri bolsa mähir bilen garşylaýar. Bu ýere gelen islendik myhmanda ýagşydan-ýagşy umytlar oýanyp, ýene-de gelsem, görsem diýen arzuwlar döreýär. Waspy şygyrlarda, aýdymdyr sazlarda belentden ýaňlanýan paýtagtymyz — ýylyň islendik paslynda-da tämiz hem owadan. Şeýle gözel şäherimiziň bardygyna bolan buýsanjymyz ýüreklerimize ylham hem joşgun berýär. Paýtagtymyzy altyn öwüşginli mekana öwürýän günlerimiz rowaçlygyň şuglasy bolup, kalplara nur çaýýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan, yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna neneň guwanmajak?! 

Mili demokratiýanyň rowaçlanmagy

Bu Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda has aýdyň ýüze çykdy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň saýlaw ulgamynda badalga berlen özgertmeler saýlawlaryň demokratik esaslarda geçirilmegini üpjün edýär. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilýän saýlawlar ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik ýörelgeleriň dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär.  

Garaşsyzlyk — şöhratymyz, şanymyz

Halkymyzyň şu günki ajaýyp durmuşy, ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitleri, dünýä döwletleriniň arasyndaky uly at-abraýy mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň binýadydyr, berkararlygymyzyň, agtyýarlygymyzyň düýp esasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde röwşen geljege ynamly barýar. Milli ykdysadyýetimizde, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu ösüşler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň obalarynyň, şäherleriniň has-da gözel görke beslenmegi, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň, desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Egsilmez joşguna beslendi

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylynda Türkmenbaşy şäherinde täze, döwrebap ýyladyşhananyň ulanyşa berilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ruhuna laýyk, ýokary derejede geçen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine  bolan buýsanç hem hoşallyk sözleri aýdyldy. Hususy işewürleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, telekeçilik pudagyny ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri barada söhbet edildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýürekleri joşduryp, göwünleri galkyndyrýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty özüniň beýik başlangyçlary, il-ýurt, umumadamzat bähbitli ägirt uly maksat-tutumlary bilen dünýäni haýrana goýýan parasatly milli Liderimize guwanýar, düýpli özgerişleriň amala aşyrylýan abadan ýurdunda ýaşaýandygyna hem-de özüniň şol özgerişlere dahyllydygyna buýsanýar.

Çynar

(Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ýürek sözüm) Bir ajaýyp jümle mydam ýadymda,Ýatlap ýörün ony her bir ädimde.

Dünýä deňelen düýe

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri gara mallar, dowardarçylyk bilen birlikde, düýedarçylygy ösdürmäge hem uly üns beripdirler. Düýe malyny hojalykda uzak menzillere ýük eltýän ulag hökmünde hem ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz onuň ýüňünden agar çäkmen, saçak, dürli ölçegdäki we ululykdaky bil guşaklaryny dokapdyrlar. Düýäniň süýdi, çaly, çemçebatmaz agarany jana şypa berip, ynsan saglygyna melhem bolupdyr. ªonuň üçinem halkymyz «Düýäm bar — dünýäm bar» diýipdir. Hormatly Prezidentimiz düýe süýdüniň, ondan taýýarlanylýan çalyň hem-de agaranyň ýokumly, jana şypa beriji melhemdigini, ynsan bedeni üçin örän ähmiýetlidigini nygtaýar.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri, gazhimiýa toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan çäreler, ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda (rejelenen görnüşi)», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kan

Ak alkyşlar Arkadagyň adyna

Hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň işe girizilmegine ak pata bermegi mynasybetli geçen anna güni welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri önümçilik edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda Milli bahar baýramynyň ýakymly täsiriniň gözel tebigatymyza üýtgeşik ýylylyk, ildeşlerimiziň kalplaryna özboluşly mähir paýlaýan günlerinde işe girizilen bu giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçilmek bilen, olaryň diňe bir ýurdumyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, azyk bolçulygynyň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ygtybarly hyzmat etjekdigi bellenildi.

Täze ösüş — ajap ykbal

Garaşsyzlyk ykballary özgerden senedir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň kalbymyzda müdimilik bagt çyrasyny ýakdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler sanardan köpdür. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýän milli Liderimiziň döredýän mümkinçilikleri ýaş nesliň bilimler dünýäsine ynamly gadam urmagyna badalga berýär. Munuň üçin ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň, olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza sarpasy, söýgüsi has-da artýar. Ýurdumyzyň haýsy mekdebine barsaň, ýaşlara döwrebap bilim berilýändigine göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapýan beýik başlangyçlary bilen ylymly, hünärli ýaşlaryň sanynyň artmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ýurduň ykdysady kuwwatynyň düýpli özgermegine täsir edýär. Ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilý