Aşgabat — dünýäniň binagärlik gözelligi

31 Mart 2021
1068

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amal edilip, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olaryň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, harby talyp ýaşlar hem döwrümiziň iri wakalaryna işjeň seslenýärler. Muňa mysal edip, golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik guramalary bilen harby-lukmançylyk fakultetiniň bilelikde guramaklarynda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, «Aşgabat — dünýäniň binagärlik gözelligi» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda uniwersitetiň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaýsa Kakabaýewa, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Gurbanmyrat Annamow, jemgyýetçilik ylymlaryny öwreniş kafedrasynyň müdiri Tekemyrat Gutlymyradow, harby-lukmançylyk fakultetiniň dekany, lukmançylyk gullugynyň maýory Muhammetnazar Nurnazarow, dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, podpolkownik Nurýagdy Akmämmedow hem-de fakultetiň serkerde-mugallymlary we harby talyplary çykyş etdiler.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça belleniljek bu senäniň taryhy ähmiýeti barada nygtadylar. Hususan hem, gözel paýtagtymyzyň geçen bir ýarym asyra golaý ýoluna ser salan wagtyň, kalbyňy onuň ýeten häzirki derejesine buýsanç duýgulary bilen gurşap alýandygy hakynda, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň şuglaly şu güni we Aşgabadyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň etdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabadyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr diýlip çykyşlarda nygtaldy.

Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.