Merjen şäher — Aşgabat

29 Mart 2021
887

Mermer binaly paýtagtymyzyň arassa howasyndan dem alyp, şäheriň gözelligini synlaýyn diýip ýola düşdügiň, ýakymly duýgular seriňe dolýar. Bir çetde durup synlasaň, baglarynda saýraýan guşlaryň sesi seni özüne bendi edýär. Binalarynyň ýalkymy güneş bilen bäsleşip, ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Goýny bahar-ýaza meňzedilýän şäherimiz kimleri öz menziline ugradyp, kimleri bolsa mähir bilen garşylaýar. Bu ýere gelen islendik myhmanda ýagşydan-ýagşy umytlar oýanyp, ýene-de gelsem, görsem diýen arzuwlar döreýär.

Waspy şygyrlarda, aýdymdyr sazlarda belentden ýaňlanýan paýtagtymyz — ýylyň islendik paslynda-da tämiz hem owadan. Şeýle gözel şäherimiziň bardygyna bolan buýsanjymyz ýüreklerimize ylham hem joşgun berýär. Paýtagtymyzy altyn öwüşginli mekana öwürýän günlerimiz rowaçlygyň şuglasy bolup, kalplara nur çaýýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan, yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna neneň guwanmajak?! 

Dünýägözel ORAZOWA,
«Balkan».