"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze ýyla — täze hasyl

Dekabr aýy ýakynlaşdygysaýyn ýyladyşhanalardaky pomidorlar hem ýygyma taýyn bolup barýar. Eýýäm gyzgylt öwsüp başlan pomidorlar, nesip bolsa, gyşyň ilkinji günlerinde hasyla durar. Şondan soň tä iýun aýyna çenli hem hasyl berer. Ýygymyň öň ýanyndaky günlerde ýyladyşhanada bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň hem öz lezzeti bar. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň wekilleri bilen bilelikde «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň Çärjew etrabynyň çägindäki ýyladyşhanasynda bolup, hasyl ýygymynyň öň ýanyndaky işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdyk.

Önüm bolçulygy — halkyň rysgaly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berlende, bu döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 172,5 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu ýokary görkeziji hususy eýeçiligiň oba hojalygynyň ösüş-özgerişlerinde tutýan mynasyp ornuny, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy önüm öndürijilere yzygiderli berýän goldaw-hemaýatynyň, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli şertleriň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberi barha artýar. Hususy eýeçilikde daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň gurulmagy, sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilikleriň tehniki taýda

«Badanyň» datly önümleri

Hususyýetçilerdir telekeçilere işleriniň ilerlemegi üçin döwlet tarapyndan banklardan uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi olary täze önümçilikleri açmaga ruhlandyrýar. Telekeçiligiň ösmegi bilen bazar gatnaşyklary has-da çuňlaşyp, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň mukdarynyň artmagyna, hiliniň gowulanmagyna we nyrhlaryň has-da elýeterli bolmagyna getirýär. Biziň welaýatymyzda hem oba-hojalyk çig malyny gaýtadan işläp, täze ýokary hilli azyklyk önümlerini öndürýän kiçi we orta hususy kärhanalaryň sany gün-günden artýar. Ynha, şeýle kiçi kärhanalaryň biri-de Türkmenabat şäheriniň «Ýüpekçiler» etrapçasynyň çäginde ýerleşýän «Bada» konditer önümlerini öndürýän kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Baýramgül Myradowanyň esaslandyran bu hususy kärhanasy şu ýylyň maý aýynda öz işine başlady. Hytaýyň we Ýewropa döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan hususy önümçilikde «Bada» haryt nyşanly tortlaryň 10-dan gowrak, süýji-kökeleriň bolsa 20-ä golaý görnüşi taýýarlanylýar.

Işi ileri işewürler

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçi agzalaryň müňlerçesini birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Örän gysga wagtyň — 14 ýylyň dowamynda türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyrylan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen kämilleşdirmekde, ähli pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesi öňümizde goýlup, alnyp barylýan ähli işler esasy maksada — mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hut şoňa laýyklykda hem, döwletimiz bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmaga, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär

Eksport ugurly önümler

Änew şäherinde hususy pudagyň wekillerine degişli önümçilikleriň ençemesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda «besti» haryt nyşanly çaga lybaslaryny öndürýän kärhanany hem agzamak bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Esli» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu önümçilik kärhanasynyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagt boldy. Muňa garamazdan kärhanada öndürilýän önümler uly meşhurlyk gazandy. Ol ýerde, esasan-da, 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslaryň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik bölüminde ornaşdyrylan, Ýaponiýanyň «Juki» kompaniýasynyň iň häzirki zaman tikin enjamlary we beýleki degişli tehnologiýalar dürli ölçegdäki we biçüwdäki lybaslary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bal tagamly bol miweler

ýa-da Hasyl toýuna telekeçi bagbanlaryň mynasyp goşandy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň «jüýje sanaşylýan» döwri ýetip geldi. Daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleridir dürli miweli baglar bol hasyl getirip, ak bazarlarymyza, mukaddes saçaklarymyza bereket bolup doldy. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän daýhan hojalyklary, hojalyk jemgyýetleri hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl almak bilen, içerki önümçiligi ýokarlandyrmaga, eksportyň mümkinçiligini artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Olar ajaýyp güýz paslynyň soňky aýynyň ikinji ýekşenbesinde güneşli ülkämizde giňden bellenilýän Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Bagçylyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ter miweler bilen üpjün etmekde türkmen telekeçileriniň aýratyn zähmetiniň bardygyny bellemek ýakymly.

«Aýs» — meşhurlyga eýe

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Aýs» haryt nyşanly alkagolsyz içgileri öndürýän kärhananyň önümleri ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowa degişli bolan, Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada häzirki wagtda ilatyň köp isleg bildirýän alkagolsyz gazlandyrylan içgileriň ençeme görnüşleri öndürilip, olar ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda 0,5 we 1,5 litrlik plastik gaplara gaplanan «Aýs kola», «Aýs pyrtykal», «Aýs zirk» we «Aýs zirk-ýertudana» ady bilen ilata hödürlenýän dürli tagamly içgiler bar. Kärhanada önümçiligi täze ýola goýlan önümler gazlandyrylmadyk sowuk içgiler bolup, olar ýertudana, limon, narpyz, zirk we zirk-ýertudana tagamly içgilerdir. Olar 330 millilitrlik gaplara gaplanýar. Bu önümleriň kiçi gutulara gaplanmagy içgini ýanyňda götermäge oňaýlylyk döredýär.

Hususy pudakda täze önümçilikler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp güýz gününde uludan bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylanlara aýratyn orun berildi. Türkmen telekeçileriniň diwarlyklaryny ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümleri bezedi. Esasan-da, ol ýerdäki eýjejik gölejikler hemmäniň ünsüni çekdi. Gözegçi hünärmen gölejikleriň biriniň adynyň Näzli, beýlekisiniň Ajapdygyny aýdyp, sergä gatnaşanlaryň gyzyklanmalaryna höwes bilen jogap berýärdi. Gölejikleriň pasportynda doglan senesi, gulak belgisi, doglan wagtyndaky agramy, tohumy, şeýle-de ady görkezilipdir. Olar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetine degişli bolup, daşary ýurtlardan getirilen simmental we golşteýn tohum mallaryň neslinden eken. Bu barada, şeýle-de hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan beýleki işler dogrusynda hünärmen Meýlisguly Saryýew: — Dünýä ýurtlarynyň ösen maldarçylyk fermalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklamaga, alyş-çalyş etmäge döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, daşary döwletlerden tohum mallary satyn alyp, türkmen topragynda idetmegi ýola goýduk. Türkmen topragynyň ajaýyp howasy, talaplara laýyklykda edilýän ideg işleri olaryň

Il bähbitli tutumlar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Şeýle aladalar, döredilýän şertler telekeçileri netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlarda-da barha giň orun almagy bellärliklidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik bilen meşgullanýanlary goldamak üçin amatly şertleri üpjün edýän resminamalaryň kabul edilmegi, yzygiderli ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi telekeçileriň has öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. Özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara bolsa, telekeçiler öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler.

Islegli önümler

Häzirki döwürde ýurdumyzda hususyýetçiler tarapyndan ýokary netijeler gazanylýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, işjanly telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň hususy kärhanasynda hem ilatyň sarp edýän, importyň ornuny tutýan önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. 2017-nji ýylda işe girizilen kärhana bir gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde ilkibaşda «Rowaç» haryt nyşanly gury süpürgiçler, çygly süpürgiçler, aşhana kagyzy ýaly önümleriň 6 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar Türkiýe Respublikasynyň tehnologiýalary esasynda öndürilýär. Kärhanada süpürgiçleriň sagatda 100 gabyny öndürmäge mümkinçilik bar.

Işewürlere okamak maslahat berilýän kitaplar

«7/24. tm», № 43 (126), 24.10. 2022 Uorren Baffet, Bill Geýts ýaly üstünlige ýeten adamlaryň esasy endikleriniň biri yzygiderli kitap okamakdyr. Şonuň üçinem, ýaňy işe girişen ýa-da tejribeli işewür bolsaňam, işewürlik hakyndaky kitaplary okamak möhüm hasaplanylýar. Şu ýazgylarymyzda üstünlik gazanmagy başaran adamlaryň tejribesinden söhbet açylýar. Şol kitaplaryň olaryň öz işinde ösüş gazanmagyna mümkinçilik berjekdigine ynam bildirýäris.

Arzan hem arzyly

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek baradaky syýasaty esasynda Mary şäherindäki «Röwşen» hususy kärhanasy döwletimiz tarapyndan berilýän uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdäniň hasabyna önümçiligi ýola goýdy. Täze, döwrebap kärhananyň dünýäniň köwüş önümçiligindäki iň kämil tehnologiýaly tikin maşynlary hem-de beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak has-da ýakymly. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň hemmesi Italiýa, Germaniýa ýaly döwletleriň ýokary tehnologiýaly önümleridir. Şol önümler kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga, hilini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu ýerde häzir ýaşlaryň 150-den gowragy zähmet çekýär. Netijede, kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň önümçiliginiň möçberi ozalkydan üç esse artdy. «Röwşen» hususy kärhanasynda aýakgap önümçiligi üçin gerekli çig mal — ekologiýa taýdan arassa we beýleki tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýokary hilli gön «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýär. Bu alyjylara hödürlenilýän ýokary hilli aýakgaplaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyna ýardam edýär. Hususy kärhananyň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply aýakgaplaryna bu gün diňe bir içki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da barha köp isleg bildirilýär. Telekeçiler öz öndürýän önümlerini häzir Russiýa Federasiýasyna tapgyrlaýyn ugradýarlar. Kär

Bäsdeşlige ukyply önümler

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Şolaryň biri-de «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynyň plastmassa önümçiligi boýunça kärhanasydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy, öndürilýän önümleriň görnüşleri we hili bilen iş üstünde tanyşmak miýesser etdi. Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriň ugurdaş önümçiliklere niýetlenen ýokary tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we şol enjamlary ýerli hünärmenleriň ussatlarça dolandyrmagy plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Islegli harytlaryň önümçiligi artýar

Bu gün ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny türkmen işewürleriniň öndürýän harytlary bezeýär. Ilat arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümler dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Saçaklarymyzyň naz-nygmatdan dolup durmagy bolsa bereket-bolçulykdan, eşretli durmuşdan nyşan. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Bakjam» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. 2008-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýän kärhana bazar bolçulygynyň pugtalanmagyna saldamly goşandyny goşýar.

Ilon Mask «Çirkizilen saç» parfýumyny satýar

Amerikaly milliarder Ilon Mask «Burnt Hair» («Çirkizilen saç») atly parfýumynyň satuwyny ýola goýdy. Bu parfýumy Ilon Maskyň «Boring» kompaniýasynyň saýtyndan her gabyny ABŞ-nyň 100 dollaryndan satyn almak mümkin. «Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask twitterdäki sahypasyndaky ýazgysyny «Parfýumeriýa satyjysy» diýip üýtgetdi. Mask twitterde eýýäm bu parfýumdan 20 müň gaby satyp, 2 million dollarlyk söwda edendigini ýazýar.

"Päk emläk" hususy kärhanasy

"Has berk" hususy kärhanasy

Ýük dolanyşygynda amatly hem ygtybarly

Telekeçilige giň ýol Ähli ugurlarda okgunly ösüşleri gazanýan berkarar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkidip, hil derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmelerde hususy işewürleriň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda bu barada aýratyn nygtamak bilen, şeýle diýdi: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir».

Telekeçilik işini ösdürmegiň ýollary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Telekeçilik işi hem döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde zähmete ukyply ilatyň aglaba bölegini iş orunlary bilen üpjün edip, geljegi uly bolan pudaklaryň we önümçilikleriň ýokary depginlerde has-da ösmegine, maýa goýumlaryň güýçli akymynyň emele gelmegine we tiz özleşdirilmegine ýardam edýär.

Importyň ornuny tutýan önümler

Telekeçilige giň ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki mynasyp goşandy barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligiň dürli pudaklarda eýeleýän ornuny has-da giňeltmek babatda öňde goýýan anyk wezipeleriniň oňyn netijesidir.