Önüm bolçulygy — halkyň rysgaly

11 Noýabr 2022
1105

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berlende, bu döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 172,5 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu ýokary görkeziji hususy eýeçiligiň oba hojalygynyň ösüş-özgerişlerinde tutýan mynasyp ornuny, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar.

Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy önüm öndürijilere yzygiderli berýän goldaw-hemaýatynyň, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli şertleriň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberi barha artýar. Hususy eýeçilikde daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň gurulmagy, sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilikleriň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde telekeçiler oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl alýarlar. Munuň özi içerki önümçiligi ýokarlandyryp, eksportyň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.