Hususy pudakda täze önümçilikler

27 Oktýabr 2022
2103

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp güýz gününde uludan bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylanlara aýratyn orun berildi. Türkmen telekeçileriniň diwarlyklaryny ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümleri bezedi. Esasan-da, ol ýerdäki eýjejik gölejikler hemmäniň ünsüni çekdi. Gözegçi hünärmen gölejikleriň biriniň adynyň Näzli, beýlekisiniň Ajapdygyny aýdyp, sergä gatnaşanlaryň gyzyklanmalaryna höwes bilen jogap berýärdi. Gölejikleriň pasportynda doglan senesi, gulak belgisi, doglan wagtyndaky agramy, tohumy, şeýle-de ady görkezilipdir. Olar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetine degişli bolup, daşary ýurtlardan getirilen simmental we golşteýn tohum mallaryň neslinden eken. Bu barada, şeýle-de hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan beýleki işler dogrusynda hünärmen Meýlisguly Saryýew:

— Dünýä ýurtlarynyň ösen maldarçylyk fermalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklamaga, alyş-çalyş etmäge döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, daşary döwletlerden tohum mallary satyn alyp, türkmen topragynda idetmegi ýola goýduk. Türkmen topragynyň ajaýyp howasy, talaplara laýyklykda edilýän ideg işleri olaryň tebigy-howa şertlerimize basym uýgunlaşyp gitmeklerine getirdi. Göleler doglanda, 35 — 40 kilogram agram derejesinde bolup, kadaly ösüp-ulalanlarynda olaryň agramy 500 — 700 kilograma ýetýär. Türkmen halky: «Malym — janym» diýip, gapysyndaky mala hoşamaýlyk bilen ideg edýär, mähir berýär. Toplumymyzda zähmet çekýän maljanly hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygy buýsandyrýar. Öz işlerine höwesli ýaşlar toplumda arassaçylyk kadalaryny ýokary derejede saklap, mallaryň ot-iým bilen wagtly-wagtynda üpjün edilmegini, olardan alynýan et we süýt önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyny gazanýarlar. Biz «Arçman» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 500 gektar meýdanda mekgejöwen, arpa, ýorunja ýaly ýokumly ot-iýmlik ekinleri hem ösdürip ýetişdirýäris. Mallaryň ot-iým bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy halkymyzyň mal etine we süýt önümlerine bolan ýokary islegleriniň kanagatlandyrylmagyna oňaýly şertleri döredýär — diýip, gürrüň berdi.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».