"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Hususy işewürleriň sergisi gyzgalaňly dowam edýär

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini açyp görkezmäge ähmiýetli çäredir. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginde, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli önüm – milli buýsanç

ýa-da türkmen işewürleriniň soňky ýyllarda ýeten sepgitleri Her ýylyň tüýs baharyň bahar wagty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda birleşmäniň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hususy türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda sergi guraldy. 17-nji martda badalga alan sergi täzeliklere baý boldy. Sergide türkmen önüm öndürijileriniň we hyzmat ediş kompaniýalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gysga döwrüň içinde uly ösüşe eýe bolandyklary, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan baý önümçilik düzüminiň dörändigini görmek buýsandyryjy duýgulary bagyşlaýar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň gazananlaryny hususy telekeçilige ornaşdyrmak, hususyýetçiligiň başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türk­men işe­wür­le­ri­niň işi bar­ha iler­le­ýär

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, şol san­da onuň her bir pu­da­gyn­da, şeý­le hem te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler di­ňe bir san­lar­da, mag­lu­mat­lar­da däl, eý­sem, ser­gi­ler­de hem da­ba­ra­lan­ýar. Şo­nuň üçin her ýyl döw­rüň ta­la­by na­za­ra al­nyp, şeý­le hem il­deş­le­ri­mi­ziň we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy­nyň art­ýan­dy­gy üçin baý­ram­çy­lyk­lar, şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li ser­gi­le­ri, şol san­da pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­ri, mas­la­hat­la­ry gu­ra­ma­ga, ge­çir­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu gün­ler paý­tag­ty­myz­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat­çy­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­ri­niň ser­gi­si­ne hem-de bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra Gut­lag iber­me­gi bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Di­ýa­ry­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si 15 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär

Aşgabatda se­na­gat­çy­laryň hem-de te­le­ke­çi­leriň ser­gi­si we mas­la­ha­ty ge­çi­ril­ýär Aş­ga­bat, 17-nji mart (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Şeý­le-de bu wa­ka my­na­sy­bet­li mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si 15 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär

Aşgabatda se­na­gat­çy­laryň hem-de te­le­ke­çi­leriň ser­gi­si we mas­la­ha­ty ge­çi­ril­ýär Aş­ga­bat, 17-nji mart (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Şeý­le-de bu wa­ka my­na­sy­bet­li mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Täzelik hem täsinlik görmek isleseň

Düýn — 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli guralýan sergi hem-de maslahat öz işine başlady. Hususy ulgamyň üstünliklerini şöhlelendirýän gözden geçirilişde birleşmäniň dürli ugurda iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy öz önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabarany baýramçylyk ruhuna besledi.

Hususy pudagyň şanly sepgitleri

17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatda türkmen telekeçileriniň sergisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda geçiriljek birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda bolsa täze taryhy döwürde ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýyladyşhananyň datly önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ak bazarlaryny öz topragymyzda öndürilen azyk önümleri we senagat harytlary bilen üpjün etmek üçin türkmen telekeçileri tarapyndan döredilýän kiçi kärhanalardyr hojalyk jemgyýetlerinde işler turuwbaşdan bazar şertlerine laýyklykda täzeçe guralýar. Türkmen telekeçileri kärhanalaryny köptaraplaýyn ösdürip, haryt bolçulygyny döretmek maksady bilen, döredijilikli zähmet çekýärler. Çekilýän zähmet ýerine-de düşýär. Ony bu günki gün ýurdumyzda hereket edýän bazarlaryň haýsyna barsaň hem aýdyň görmek bolýar. Çünki her bir işe yhlasly çemeleşýän telekeçilerimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gök, bakja we beýleki önümleri uly, döwrebap ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirmek, ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda ýetişdirilýän ter gök önümler bilen üpjün etmek işlerine saldamly goşant goşýarlar. Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Röwşen» hususy kärhanasy hem önümçiligi köpugurly ösdürýän kärhanalaryň biri. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamaga we ösdürmäge berýän uly ünsüniň hem-de ýeňillikli berilýän karz pul serişdeleriniň hasabyna bu hususy kärhana, aýakgap önümçiliginden daşgary, adybir etrabyň Aşgabat geňeşliginde ýyladyşhana işini hem ýola goýdy. Häzirki wagtda ýyladyşhanada, esasan, pomidoryň bereketli hasyly ösdürilip ýetişdir

Ykdysady galkynyşyň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiziň giň goldawy esasynda uly ösüşleri gazanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi indi 15 ýyl bäri ýurdumyzyň işewürlerini birleşdirýän düzüm hökmünde halkymyza hyzmat edip gelýär. Birleşmäniň agzalarynyň yhlasly zähmeti telekeçiligiň taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny hem-de halkymyzyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjün edýän ulgama öwrülmegini şertlendirdi. Azyk bolçulygy — möhüm wezipe

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli guraljak sergi bir hepde dowam eder

10-njy martda geçirilen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­nde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ha­sa­bat­da şu ýy­lyň 17 — 23-nji mar­ty ara­ly­gyn­da ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy. On­da bir­leş­mä­niň dür­li ugur­da iş alyp bar­ýan 200-den gow­rak ag­za­sy öz önüm­le­ri­ni hem-de şu ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­ke­zer. Şeý­le hem bu se­nä ga­bat­la­nan mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de dur­ýan tä­ze we­zi­pe­ler,

ÖZÜŇDE ÖNSE, elbetde, hem arzan, hem arzyly bolýar

Ilaman Durdyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat we himiýa önümçiligi bölüminiň müdiri.   Sanly gün mundan ozal, gözüňe söweýin, keşbi-gurluşy «aperin» diýdirýän söwda merkezleriniň birinde şeýleräk gürrüň gulaga ildi:

Telekeçiligiň ösüşlere beslenýän döwri

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususyýetçileriň ornuny düýpli ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hususy ulgamyň maliýe taýdan goldanylmagyna, telekeçilere ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegine, hususy telekeçiligi kanunçylyk taýdan mundan beýläk-de goldamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi» diýmegi hem güwä geçýär.  Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl pudagynyň köptaraply ösüşini kesgitleýän guramaçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi, ony ösdürmäge ýardam berilmegi işewürleri has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Özlerine bildirilýän belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirýän telekeçilerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Täze tehnologiýalara daýanyp

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan ösüşler milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Bu ösüşlere dokma senagaty pudagy hem önjeýli goşant goşýar. Pudagyň ösüşinde türkmen işewürleriniň-de mynasyp paýy bar. Bu ugurdan iş alyp barýan telekeçiler, hususan-da, önümleriň halkara ülňülere laýyk gelmegine, ekologik taýdan arassa bolmagyna möhüm ähmiýet berýärler. Mysal üçin, «Esli» hojalyk jemgyýetiniň «Besti» haryt nyşanly egin-eşikleri köpüň isleginden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasyna Ýaponiýanyň ýokary hilli, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Kärhananyň kuwwatlylygy her aýda 40 müň sany çaga eşigini tikmäge ukyplydyr. Bu ýerde 6 aýlykdan 14 ýaşa çenli bolan çagalara niýetlenen egin-eşikler pasla görä tikilýär. Bu hem alyjylaryň islegini kanagatlandyrýar. Taýýar geýim-gejimleri içerki bazarlarymyzda satyn alyp bolýar. Bahalary-da elýeterli. Şeýle-de hojalyk jemgyýetiniň önümleri daşary döwletleriň birnäçesine eksport edilýär. Özüne çekiji, gelşikli, owadan egin-eşiklere Russiýanyň, Özbegistanyň, Fransiýanyň işewürleri-de gyzyklanma bildirýärler.

Guşçulyk ýedi hazynanyň biri

Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyna goşant goşýan telekeçileriň öndürýän önümleri halkymyzyň köňül küýsegine öwrülýär. Şeýle öňdebaryjy telekeçileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Röwşen Jumanazarowdyr. Ol Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Çarşaňňy obasynyň çäginde ýerleşýän «Arçaly depe» hususy kärhanasynda ýumurtga üçin ýöriteleşdirilen towuklary idetmek bilen meşgullanýar.

Altyn medally önümler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda önümçilik işleriniň bady barha batlanýar. Kärhanalardyr fabriklerde üstünlikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredilýär. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy hem özüniň 10 ýyla golaý iş tejribesi bilen ynamdar we ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürip, harytlaryny halk köpçüligine hödürleýär. «Ýunus» haryt nyşanly çigitdir maňyzlar, şekerli we şekersiz sakgyçlar alyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Soňky wagtlarda kärhananyň önümçiligi has giňedi. «Melek» haryt nyşanly kökeleri, şokolad batonlaryny, şokolad örtükli waflileri, çöpli süýjüleri, şeýle-de «Bilýard» we «Atom» haryt nyşanly öýjükli şokoladlary öndürip başlady. Kärhana Türkmenistanda ilkinji bolup öýjükli şokoladlary taýýarlaýan tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrdy. Alyjylara şokoladyň gara, süýtli we ak öýjükli görnüşlerini hödürledi. 2020-nji ýylda köke we şokolad ýaly konditer önümçiligi ýola goýuldy. Gysga wagtyň içinde bu harytlar hem alyjylaryň söýgüsini gazandy. Önümler ISO 22000, ISO 9001, HACCP we «Halal» halkara hil sertifikatlary bilen bellige alnyp, hil howpsuzlygynyň talaplaryny ödeýär.

Telekeçilere Arkadag şäheriniň senagat zolagyndan ýer berilýär

Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan se­na­gat zo­la­gyn­dan te­le­ke­çi­le­re ýer be­ril­ýär. Ýer al­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­ler Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne ýüz tu­tup bi­ler­ler. Bu ba­ra­da TSTB-nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji few­ral­da Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da se­na­gat zo­la­gy­ny dö­ret­mek me­se­le­si­ne hem se­re­dil­di.

Hususyýetçileriň mynasyp goşandy

Ykdysadyýeti ösdürmek ýurduň okgunly öňe gitmeginde esasy şertleriň biridir. Şunda bazar gatnaşyklary möhüm orny eýeleýär. Sebäbi olar öňde durýan möhüm ykdysady meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda durmuşa ukyplylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige çalt hem-de batyrgaý ornaşdyrmakda hususy ulgam giň mümkinçiliklere eýedir. Munuň özi ýokary öndürijilikli önümçilik pudaklarynyň binýadyny berkitmek bilen birlikde, jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýär. Ýurduň ykdysady özgertmeleriniň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Şu hakykatdan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň eýeleýän ornuny giňeltmäge gönükdirilen oýlanyşykly özgertmelere badalga berdi. Onuň çäklerinde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan bu tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ykdysadyýeti ösdürmäge düýpli itergi berýär. Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň durmuş goraglylygyny berkidip, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, köpugurly ösüş maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan taryhy tutumlaryň hem-de başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen hususyýetçiligiň oňyn netijeleri welaýatymyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Olaryň hatarynyň ýylsaýyn artýandygy, durmu