Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

20 Mart 2023
810

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.