Altyn medally önümler

28 Fewral 2023
804

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda önümçilik işleriniň bady barha batlanýar. Kärhanalardyr fabriklerde üstünlikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredilýär. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy hem özüniň 10 ýyla golaý iş tejribesi bilen ynamdar we ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürip, harytlaryny halk köpçüligine hödürleýär. «Ýunus» haryt nyşanly çigitdir maňyzlar, şekerli we şekersiz sakgyçlar alyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Soňky wagtlarda kärhananyň önümçiligi has giňedi. «Melek» haryt nyşanly kökeleri, şokolad batonlaryny, şokolad örtükli waflileri, çöpli süýjüleri, şeýle-de «Bilýard» we «Atom» haryt nyşanly öýjükli şokoladlary öndürip başlady. Kärhana Türkmenistanda ilkinji bolup öýjükli şokoladlary taýýarlaýan tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrdy. Alyjylara şokoladyň gara, süýtli we ak öýjükli görnüşlerini hödürledi. 2020-nji ýylda köke we şokolad ýaly konditer önümçiligi ýola goýuldy. Gysga wagtyň içinde bu harytlar hem alyjylaryň söýgüsini gazandy. Önümler ISO 22000, ISO 9001, HACCP we «Halal» halkara hil sertifikatlary bilen bellige alnyp, hil howpsuzlygynyň talaplaryny ödeýär.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».