"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Maşgala — mukaddeslik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen sözleri halkymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. Halkymyz hemişe-de çagalary durmuşyň bezegi hasaplaýar. Olaryň bilim-terbiýesine, beden saglygyna aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini ata-babalarymyzdan miras galan «Çaga — durmuşyň güli», «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözleri hem tassyklaýar.

Maşgala mukaddesligine bagyşlandy

 Etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Maşgala mukaddesligini gorap saklalyň!” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdik.  Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, olarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen çärede ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzdan miras gelýän asylly ýörelgelere, maşgala mukaddesliklerine  ygrarly ýaşlaryň kemala gelýändigi, olaryň ýurdumyzyň beýik ösüşlerine halal, arassa zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýandyklary buýsanç bilen bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.

Zenan mertebesini sarpalap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşmagy we nesilleriň berk bedenli, bilimli, päk ahlakly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler giň gerime eýe bolýar. «Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz ilatymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe, sporty ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Milli ýörelgämizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Bu çuň manyly jümläniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.

Ene — dünýäniň ebediligi

Men, köplenç, mährem käbämiň durmuş ýoly hakynda pikir edýärin. Käbämiň dürli döwürde düşen suratlaryny deňeşdirip görýärin. Olardaky tapawutlary ýyllar bilen däl-de, maşgala ojagyna siňdirilen yhlas bilen ölçemäge çalyşýaryn. ***

Edep mekdebi (durmuş pursatlary)

Ömri ýagşylyga ýaran bolup ýaşamak, terbiýeli bolup, özüňden soňky nesle görüm-görelde görkezmek enelerimiziň edep mekdebi bolup ykbalymyzda orun alýar. Eneler perzentlerine durmuşyň manysyny, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyrmagy, mukaddesliklere sarpa goýmagy, ata-babalaryň döwletli ýörelgelerini dowam etdirmegi, maşgala gymmatlyklaryny, ahlak-edep düzgünlerini öwredýärler. Mährem enäniň öwüt-nesihatlary bilen kemala gelen adam öz durmuş ýolunda her bir täze işe ýapyşanynda, «ejem näme maslahat bererdikä, özi bolsa, nähili çözgüt tapardyka» diýip, oýa batanyny duýman galýandyr. * * *

Zeminiň zynaty ene

Biziň jemgyýetimizde eneleriň orny aýry. Olara goýulýan hormat-sylag gadymy milli ýörelgelerimizden gözbaş alyp, dowamata eýe bolýar. Eneler — hemişelik mekdep. Olar misli edep-ekram kitaby ýalydyr. Şonuň üçin olardan hemişe öwrenip ýörmeli. Biziň aşakdaky söhbedimiz hem mukaddes eneler hakynda.

Işjeň diňleýji boluň!

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Ça­ga ter­bi­ýe­sinde möhüm ugurlar

Her bir ata-ene ça­ga­la­ry­nyň ja­ny­nyň sag, akyl­ly, ter­bi­ýe­li, zäh­met­sö­ýer, Wa­ta­na we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni is­le­ýär. Mu­nuň üçin ata-ene­le­riň öz­le­ri­niň hem ada­lat­ly, dog­ru­çyl, tu­tan­ýer­li, ja­nyp­keş, ta­lap­kär, ru­hy dün­ýä­le­ri­niň baý bol­ma­gy ze­rur­dyr, se­bä­bi ça­ga ata-ene­den gö­rel­de al­ýar. Ça­ga ter­bi­ýe­le­mek örän jo­gap­kär­li iş. Onuň üçin ýe­ter­lik tej­ri­be, te­bi­gy ukyp ge­rek­dir. Bu me­se­le­de sä­hel gow­şak­lyk, ge­leň­siz­lik edil­se, uly ýal­ňyş­lyk bo­lup bi­ler. Şo­nuň üçin ata-ene­ler ça­ga­ny kiçi ýaş­dan ter­bi­ýe­le­me­li­dir, oňat gö­rel­de gör­kez­me­li­dir.

Jemgyýetiň baş sütüni

Adamzat jemgyýetinde maşgalanyň orny örän wajyp hasaplanylýar. Çünki maşgala — jemgyýetiň ilkinji öýjügi, baş sütüni. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan aýratyn sarpasyny açyp görkezýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýip, juda parasatly belleýär. Maşgala agzybirligi maşgala agzalarynyň birek-birege hormat-sarpasy, söýgüsi bilen berkeýär. Çagalaryň ata-enä hormaty agzybirlik merdiwanynyň ilkinji hem-de esasy basgançaklary hasaplanylýar. Türkmeniň ulyny sylamak, kiçini söýmek däbiniň çuňňur köklerini ölçerip otursaň, agzybirlige, maşgala gymmatlygyna baryp direýär. Şeýle bolansoň, ata-enäniň hormaty ýaş nesillere hemişe ündelip gelinýär.

Maşgala bagtynyň syry

«Maşgala» diýen düşünje gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň iň gymmatly mukaddeslikleriniň biri hasap edilip, oňa jemgyýetiň «sütüni», baýlygy, her bir ynsanyň howandary, sarsmaz, berk galasy hökmünde seredilip gelnipdir. Bu düşünjäni aňladýan sözüň gelip çykyşynyň «baş gala» diýen jümle bilen baglanyşykly bolmagy hem tötänden däldir. Jemgyýet aýry-aýry maşgalalardan durýar. Jemgyýetiň sagdynlygy maşgala, maşgalanyň sagdynlygy bolsa ony emele getirýän adamlara bagly. Jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşýan, ahlak, ruhy, beden taýdan sagdyn şahsyýetleriň kemala gelmeginde maşgala gatnaşyklary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Geljekki maşgala gatnaşyklarynyň nähili boljakdygy, esasan, maşgala gurmagy niýet edinýän ýaşlaryň özlerine bagly bolup durýar. Galyberse-de, maşgala gurmagyň näme üçin zerurlygyna düşünmeli.

...Adam söýülsin

Beýik söz ussady Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda barlyga aşyklyk bilen birlikde adamy söýmek ündelýär. Ynsan mertebesiniň mukaddesligi, ömrüniň gymmatlygy, ýaşaýyş pelsepesi we bakylyk baradaky düşünjeler şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamyň pikirlenmek bilen adatylykdan kämillik derejesine göterilmäge ukyplydygyny düşündirýär. Şonuň üçin belent mertebeli adam ömrüni — beýik ýaşaýşy halas etmegiň zerurlygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň baş maksady dünýäniň derdini ýeňletmek, pelsepeçiniň pikir-garaýyşlarynyň özenini adam we onuň durmuşy dogrusyndaky düşünjeler düzýär. Külli ynsanyň we tutuş barlygyň biri-biri bilen baglanyşygy, bitewüligi barada çeper aňlatmalar arkaly çuňňur pikir ýöredilýär. Goşgulardaky indiwidual meňzetmeler we metaforalar şahyryň ussatlygyny görkezýär. Ene tebigat ýazyna ýaşyl öwsen baglary, gyşyna ala garly daglary bilen tämizdir. Saryja tomsy, zerbap donly güýzi bilen kämildir. Dünýä dört pasylda diýseň gözel görünýär. Pikir kylsaň, bu gözelligiň bary adam üçin. Ýaşaýyş gözel, durmuş ajaýyp, emma bu owadan barlyga ýöne guwanmak ýeterlik däldir. Işiň iň haýyrlysy, kyn hem bolsa, adamy söýmekdir. Bu babatda pelsepeçi şahyr şeýle pikir ýöredýär:

DEGMÄŇ GYZYŇ GÖWNÜNE

Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr.

Öý-ojak milletiň jebislik mekdebi

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty halkymyzyň maşgala däplerini nesilleriň mynasyp dowam etdirmeklerine gönükdirilendir. Türkmen maşgalasynyň öz aýratynlyklary bar. Türkmen maşgalasy barada gürrüň edilende, türkmen zenanyny, gyz-gelinlerini wasp etmezlik mümkin däl. Sebäbi türkmen ojagynyň agzybirliginiň, maşgala mukaddesliginiň esasy goragçylary bolan türkmen zenanlaryna aýratyn uly hormat degişlidir. Zenan — edep hazynasy. Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalanyň çaga terbiýesinde enäniň orny uly. Olar öýüň hojalyk işleri bilen bir hatarda, ýaş gyzlara milli hünärleri öwredip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Bu gün biziň milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halylarymyz, hiç bir döwürde-de ýitmejek beýik sungat hökmünde dünýä ýüzüne äşgärdir. Her bir gölünde milletimiziň taryhy ussatlyk bilen beýan edilýän türkmen halysy — uly sungat.

Ejesiniň kömekçi gyzy

Göwherjik her gün mekdepden gelip, okuwda berlen ýumuşlaryny dynandan soň, otaglaryň içini syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly edýärdi. Gyzjagaz muny endigine öwürdi. Eline sübse alyp, otaglary ýeke-ýeke syryp geçmese, misli onuň kanagaty ýetmeýän ýalydy. Işden aryp gelen ejesi bolsa munuň üçin işeňňir gyzynyň her gün tarypyny ýetirerdi. Käbesini begendirip bilýänine Göwherjik guş bolup uçaýsam diýýärdi. Ýöne... günleriň bir güni... Hawa, şol gün Göwherjigiň kakasy eline äpet gutyny alyp geldi. Otagyň içine girenden maşgalanyň agzalarynyň ählisi Göwherjigiň kakasynyň daşyna üýşdüler. Gutynyň içinde näme baryny bilmek islegi hemmeleri gyzyklandyrýardy. Haçanda gutynyň owadan gaby açylanda, Göwherjigiň keýpi gaçdy. Sebäbi kakasy tozan sorujy satyn alan eken.

Asylly terbiýäniň ähmiýeti

Ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şun­da ýaş­lar wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ene di­li­mi­ze, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­za be­lent sar­pa ru­hun­da ter­bi­ýe­len­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler gö­rel­de bi­len, öwüt-ün­dew bi­len ne­sil­le­riň aňy­na gu­ýul­ýar. Esa­san hem, ga­dym­dan gel­ýän na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len ne­sil ter­bi­ýe­le­mek örän tä­sir­li­dir. Ýaş­la­ra na­kyl­la­ry aý­dyp ber­mek bi­len, olar­da pä­him­li söz­le­re, ene di­li­mi­ze be­lent sar­pa­ny hem ter­bi­ýe­le­mek müm­kin. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Edep ba­şy — dil» di­ýen pä­hi­miň üs­ti bi­len pä­him­li söz­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň has-da tä­sir­li­di­gi­ni bel­läp­dir­ler. Edep-ter­bi­ýe­de me­de­ni­ýet­li söz­le­ýiş aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin hem ýaş ne­sil­le­re nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň eser­le­ri­ni, na­kyl­la­ry, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni okat­mak, öw­ret­mek ze­rur äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly ze­hin­li şa­hy­ry ter­bi­ýe­län Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň «Wag­zy-Azat» ese­ri­ni aý­ra­tyn bel­lä­si­miz gel­ýär. Bu aja­ýyp eser­de ýaş ne­sil­ler üçin gym­mat­ly ter­bi­ýe mek­de­bi bar. Bu ki­tap tu­tuş­ly­gy­na il-gü­nüň ar­zuw hy­ýal­la­ry esa­syn­da, halk dö­re­di­ji­li­gin­den, dur­muş wa­ka­la­ryn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp dö­re­di­len eser­dir. Bu eser­de esa­sy mak­sat hal­kyň ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ma

Sözi güwälik, işi nusgalyk

Garagum sährasy ýaly giňligi, mylaýymlygy, ýyly mähri, süýji dilliligi özünde jemlän Ogultäç enäni göreniňde, «Her ýaşyň öz gözelligi bar» diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär. 93 ýaşy arka atan, durmuşyň her dürli öwrümlerine döz gelip, onuň süýjüsini-ajysyny başdan geçiren bu nurana ene häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Ataguýy obasynda — Merkezi Garagumda ýaşaýar. Agtyk-çowluklaryny daşyna üýşürip oturan, ak guş ýaly enäni göreniňde, oňa bolan hormatyň artýar. Ogultäç Aşyrmämmedowa 1930-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy geňeşliginde eneden dogulýar. Ýedi çagany dünýä inderip, bäş ogly, iki gyzy edepli-terbiýeli, öýli-işikli, il adamy edip durmuş ýoluna ugrukdyran ene keramatly Ak işan atanyň altynjy arkasynyň gelni bolýar eken. Çagalyk ýyllarym Ataguýy obasynda geçensoň, olaryň döwletli ojagy ata-baba gatnaşýan ýerimiz. Ýöne onuň bilen didarlaşmanyma ýigrimi bäş ýyl bolaýypdyr.

Döwlet maşgaladan başlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan «Durmuş maşgaladan başlanýar» diýen jümlämiz bizi maşgala mukaddesligine alyp barýar. Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Her bir maşgala öz ýerinde kiçijik döwlet bolmak bilen, ýurdumyzyň guwanjyna öwrülýär. Deňeşdirmelere salgylansak, biziň ýurdumyz maşgala jebisligini gorap saklamakda öňdäki orunlary eýeleýär. Ol hem türkmeniň asyl terbiýesinden, gözüniň göreji deýin gorap gelen milliliginden, milli däp-dessurlaryndan gelip çykýar. Türkmen gyz-gelinleri «Dogdugymdan — düşdügim» diýen ýörgünli söze eýerip, durmuşa çykyp gidensoň, diňe durmuşa çykan ýeri, gaýynlaryna hyzmaty bilen bolýar. Ol biziň ählimiz üçin buýsandyryjydyr. Çünki ol bize «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ejeme hat

Salam, mähribanym! El telefonyňa jogap bermediň welin, bu wagt belki-de, iş ornuňda kagyz-galamlaryňy daşyňa üýşürip, başagaý bolup oturansyň. Žurnalist gyzyň saňa bir zatlar aýtmaga howlugýanlygyndan habarsyz-da sen. Zyýany ýok, aýtjaklarymy sanly ulgam arkaly ýollaryn welin, işden boşaşyp, el telefonyňa gözüň düşen mahaly okar otyrsyň. Ejem jan, biz bu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda uzak ýaşy arka atan enelerimiz bilen didarlaşyp, olaryň gürrüňlerini mawy ýaýlym arkaly halkymyza ýetirmegi maksat edinip, döredijilik sapary bilen Kaka, Tejen, Babadaýhan etraplaryna ýola düşdük. Ýolbaşçymyz bu habary aýdanda begenjimden ganat bagladym. Meni dogduk obama barýan ýol ganatlandyrdy. Ol ýerde uzak ýaşly eneler bilen söhbet etmek hemem wagt tapyp, seniň bilen didarlaşmak hakdaky ýakymly duýgulara berildim. Tejen şäherinde 109 ýaşy arka atyp, syrgynda Owlak eje ady bilen tanalýan Orazgözel ene bar eken. Onuň döwletli ojagynda bolup, ömrüniň ikinji ýüzýyllygyna gadam goýan enä gözüm düşende, «Zenan kalby» žurnalynyň bir ýyl mundan öňki sanynda çap edilen goşgymdan:

Uýalarym, bagtyňyza guwanaýyn

Bu gün ýene-de kalbyma ýaz howasy kürsäp girdi. Ony duýan dessime, açyk aýnadan uzaklardaky daglara nazarymy öwürdim. Gök maýsalardan ýaşyl ýapynja ýapynan daglaryň üstünden saba wagty ýokary galýan goýras dumanyň gözelligi, asuda şäheriň üstünden aga-ýana ötüp barýan ötegçi bulutlar maňa egni donly, aýagy ädikli kiçijik gyzjagazy ýatlatdy. Ol gyzjagaz obanyň bir gyrasyndan geçýän ýabyň gerşinde durup, asmandan geçip barýan bulutlara elini uzadyp, «Bulutlar» diýen goşgyny aýdýardy: Asman bulutlary ömür sergezdan, Mawy çölde kerwen gurap, tirkeşip...

Baharyň bagt guşy

Bägül baharda doguldy, baharda öz söýgüsine duşup, bahar paslynyň ajaýyp gününde hem göwün beren ýigidi bilen durmuş toýuny tutdy. Şol gün ýyldaşlary bilen dynç güni dag etegine gezelenje gitmegi meýilleşdirenlerinde, Bägülüň ejesi birbada göwnemedi. Maşgalada ýekeliginden bolmagy mümkin, ejesi ony mydama goraglap gezerdi. Käwagt dogan-garyndaşlaryna diýip gidäýmese, gyz okaýan ýokary okuw mekdebi bilen öýi aralykdan kän bir daşlaşyp görmändi. Joralary çar tarapdan jaň edip goýmansoňlar, mugallymlarynyň hem gidýänini eşidip, ene olar bilen ylalaşmaly boldy.