Ejeme hat

23 Mart 2023
1391

Salam, mähribanym! El telefonyňa jogap bermediň welin, bu wagt belki-de, iş ornuňda kagyz-galamlaryňy daşyňa üýşürip, başagaý bolup oturansyň. Žurnalist gyzyň saňa bir zatlar aýtmaga howlugýanlygyndan habarsyz-da sen. Zyýany ýok, aýtjaklarymy sanly ulgam arkaly ýollaryn welin, işden boşaşyp, el telefonyňa gözüň düşen mahaly okar otyrsyň.

Ejem jan, biz bu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda uzak ýaşy arka atan enelerimiz bilen didarlaşyp, olaryň gürrüňlerini mawy ýaýlym arkaly halkymyza ýetirmegi maksat edinip, döredijilik sapary bilen Kaka, Tejen, Babadaýhan etraplaryna ýola düşdük. Ýolbaşçymyz bu habary aýdanda begenjimden ganat bagladym. Meni dogduk obama barýan ýol ganatlandyrdy. Ol ýerde uzak ýaşly eneler bilen söhbet etmek hemem wagt tapyp, seniň bilen didarlaşmak hakdaky ýakymly duýgulara berildim. Tejen şäherinde 109 ýaşy arka atyp, syrgynda Owlak eje ady bilen tanalýan Orazgözel ene bar eken. Onuň döwletli ojagynda bolup, ömrüniň ikinji ýüzýyllygyna gadam goýan enä gözüm düşende, «Zenan kalby» žurnalynyň bir ýyl mundan öňki sanynda çap edilen goşgymdan:

Annasoltan NUNNAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.