Baharyň bagt guşy

23 Mart 2023
1076

Bägül baharda doguldy, baharda öz söýgüsine duşup, bahar paslynyň ajaýyp gününde hem göwün beren ýigidi bilen durmuş toýuny tutdy.

Şol gün ýyldaşlary bilen dynç güni dag etegine gezelenje gitmegi meýilleşdirenlerinde, Bägülüň ejesi birbada göwnemedi. Maşgalada ýekeliginden bolmagy mümkin, ejesi ony mydama goraglap gezerdi. Käwagt dogan-garyndaşlaryna diýip gidäýmese, gyz okaýan ýokary okuw mekdebi bilen öýi aralykdan kän bir daşlaşyp görmändi. Joralary çar tarapdan jaň edip goýmansoňlar, mugallymlarynyň hem gidýänini eşidip, ene olar bilen ylalaşmaly boldy.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».