"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýeňişli ýollaryň ýalkymy

Türkmen ýaşlarynyň ýoly ýeňişlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy, şeýle hem kitapda sport ulgamynda halkara üstünliklere eýe bolan ýaşlaryň atlarynyň we gazanan üstünlikleriniň agzalmagy türkmen türgenlerini ýene-de beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Döwrümiziň galkynyşyndan ganatlanyp, dünýäde türkmen sportunyň dabaralanmagyna goşant goşýan pälwanlarymyzyň biri-de kuraş boýunça halkara derejeli sport ussady Gaýratjan Zeripowdyr. Kuraş boýunça 5 gezek ýurdumyzyň çempiony bolan Gaýratjan ýurdumyzda tejribeli tälimçi, ussat türgen hökmünde tanalýar. Ol Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde başa-baş söweş sungaty boýunça ýaşlara tälim bermegiň ýany bilen halkara derejeli sport ýaryşlaryna hem yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýär. Gaýratjan 2009-njy ýylda Ukrainada, 2011-nji ýylda Özbegistanda kuraş boýunça geçirilen VII we VIII Dünýä çempionatlarynda 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medallara mynasyp boldy.

Saýatly pälwanlar ― welaýatymyzyň çempionlary

Sport mekdebimizde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat we Kerki etraplaryndan pälwanlaryň 72-si gatnaşdy. Türgenler degişli agram derejeleri boýunça göreşdiler. Toý ruhuna beslenen ýaryşda milli göreşimiziň täze, has ezber wekilleriniň ýüze çykarylmagy onuň esasy aýratynlygy boldy.

Welosportçularyň ümzügi ileri

Biziň sport mekdebimiz welaýatymyzda welosport bilen meşgullanylýan ýeke-täk tälim ojagydyr. Şu günler sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenlerimiz tälimçiler Jalil Orunowyň we Şöhrat Egenowyň ýolbaşçylygynda öňde duran ýaryşlara taýýarlanýarlar. Häzirki wagtda mekdebimizde welosport boýunça türgenleriň 40-a golaýy türgenleşýär. Şolaryň 30-dan gowragy bolsa eýýäm milli derejeli ýaryşlara gatnaşyp ýören türgenlerdir. Türgenlerimiziň arasynda ýurdumyzyň iki gezek çempiony Döwlet Orunow we Denis Konoreýkin, Şatlyk Şöhradow, Maksat Merdanow ýaly ýaşlaryň beýleki ýoldaşlaryna hem görelde bolýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Okuwçy gyzlar gandbolda ussatlygyny görkezdiler

Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryşyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bu ýaryşyň etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş gyzykly boldy. Şol duşuşyklar güýçli toparlaryň öňe saýlanmagyna mümkinçilik berdi. Şeýlelikde Sarahs etrabynyň topary birinji, Babadaýhan etrabynyň topary ikinji, Tejen etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldy.

Zenan küştçüler bäsleşdiler

Ýakynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinji ligasynyň çempionlygy ugrunda ýaryş geçirildi. Küşt ýaryşlaryna hemişe mahsus bolşy ýaly, bu gezekki çempionat hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. Ýaryşyň ilkinji aýratynlygy çempion bilen baglydyr. Çünki 7 we 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 2013-nji ýylda Gresiýada, 2014-nji ýylda-da Braziliýada «Dünýä çempiony» diýen adyň eýesi bolandan soň, esli ýyllap sporta arakesme beren maryly küştçi, FIDE-niň ussady Bägül Ezizowanyň özüni birinji ligada synap görmegi, bu synagyň bolsa çempionlyk bilen tamamlanmagy täsinligiň hut özüdir. Ýaryşda 11 duşuşyk geçiren Bägül 9 utuk toplap, birinji liganyň wekilleriniň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.

Basketbolçy gyzlar bäsleşdi

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde gyzlaryň arasynda basketbol ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geçirilen ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Welaýatymyzyň etraplaryndan gelen toparlaryň öz aralaryndaky duşuşyklar okuwçy gyzlarda basketbola höwesiň ýokarydygyny görkezdi. Şol duşuşyklaryň netijesinde Tejen etrabynyň topary birinji, Kaka etrabynyň topary ikinji, Sarahs etrabynyň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere hormat hatlarydyr ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Sport bäsleşigi

Ukyp-başarnyklaryny görkezdiler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sporty ösdürmek, halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Sport janköýerlerine öz ussatlyklaryny görkezmek üçin yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.

Sport

Stol tennisi boýunça welaýat çempionaty Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdepde sportuň stol tennisi görnüşi  boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Toparlaýyn we şahsy birinjiligi eýelemek ugrunda geçirilen oýunlarda ezber türgenler ýüze çykaryldy. Erkek türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda geçen ýaryşda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji hem-de Akdepe etrabyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Bu netije zenan türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda geçirilen oýunlarda hem gaýtalandy.

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky ýeňşi

«Arkadag» futbol topary 16-njy fewralda Birleşen Arap Emirliklerinde 2024-nji ýyldaky ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi. Topar okuw-türgenleşiginde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. 18-nji fewralda Dubaý şäherindäki «Abu Dhabi Cricket & Sports Hub» sport toplumynyň futbol meýdançalarynyň birinde Russiýanyň Premýer-ligasynyň wekili bolan «Pari NN» («Pari Nižniý Nowgorod») topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren ýurdumyzyň çempiony bu duşuşykda güýçli garşydaşyny 2:1 hasabynda utdy. Duşuşykda türkmen toparyna ýeňiş getiren gollary 23-nji minutda Begmyrat Baýow, 68-nji minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Didar Durdyýew geçirdi. «Pari NN» toparynyň ýeke-täk goluny 21-nji minutda N.Kutateladze öz adyna ýazdyrdy. Täze möwsümiň bosagasyndaky ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýe Respublikasynda geçiren çempion toparymyz bu ýerde-de güýçli garşydaşlaryň birnäçesi bilen duşuşyp, olarda hem ýeňiş gazanmagy başarypdy.

Sport

Spartakiadanyň çäklerinde 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýatyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky Kararlaryny ýerine ýetirmekden, okuwçylaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmekden, okuwçy ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçli türgenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.       

Basketbol ýaryşy

Tejen etrabynyň merkezindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde basketbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Sport mekdepde ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda döredilen giň şertler okuwçy ýaşlara erjelligini, başarnygyny doly derejede görkezmäge özboluşly mümkinçilik berdi. Şeýle bolansoň, ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli geçdi. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde Tejen etrabynyň topary birinji, Kaka etrabynyň topary ikinji, Sarahs etrabynyň topary üçünji ýerleri eýelediler. Basketbol ýaryşynyň ýeňijileri hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

Sport habarlary gysga setirlerde

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 Tag­ta­ba­zar et­ra­by­nyň 20-nji or­ta mek­de­bin­de ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ryň ara­syn­da ýa­kyn we uzak ara­ly­ga yl­ga­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Sag­dyn be­den­li ýaş­la­ry­myz öz­le­ri­niň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­me­gi ba­şar­dy­lar we bu sport bäs­le­şi­gi iş­jeň we gy­zyk­ly ýag­daý­da geç­di. Emin­ler ta­ra­pyn­dan ýe­ňi­ji­ler kes­git­le­nil­di hem-de ola­ra eýe­le­ýän orun­la­ry bo­ýun­ça ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Ýaş­lar öz no­ba­tyn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­leş­mä­ge şert­ler we giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dip ber­ýän­di­gi üçin hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze al­kyş aýt­dy­lar.

Sport habarlary

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 2024-nji ýy­ly­my­zyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi be­ýik baş­lan­gyç­la­ryň da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy.

Yklym kubogynda kim köp ga­zan­dy?

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 Azi­ýa ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Ka­tar Ior­da­ni­ýa­ny, Kot-d’Iwuar bol­sa Af­ri­ka mil­let­le­ri ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Ni­ge­ri­ýa­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy.

«Aşgabat» köpugurly stadiony

Türkmenistanyň Bedenterbiýe sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadionynda sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmaga ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar bilen bir hatarda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary hem yzygiderli geçirilýär. Köpugurly stadionda futbol, futzal, basketbol, woleýbol, welosport, tennis, stol tennisi, badminton, agyr atletika, ýeňil atletika, gylyçlaşmak, bowling, göreşiň dürli görnüşleri, boks, suwda ýüzmek boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň töwereginiň bagy-bossanlyga bürenip oturmagy, suw çüwdürimleriň, garbanyşhanalaryň, tigirli gezelenç etmek üçin ýodajygyň bolmagy onuň gelim-gidimini has-da artdyrýar. Bu ýere diňe bir türgenler däl, eýsem, paýtagtymyzyň myhmanlarydyr ýaşaýjylary hem medeniýetli dynç almaga, arassa howada gezelenç etmäge uly höwes bilen gelýärler. Stadionda diňe sport çäreleri geçirilmän, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklar, medeni çäreler hem uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.

Türkmen samboçylarynyň üstünligi

Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndy topary 24-nji ýanwar – 13-nji fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Türgenlerimiz bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, netijeli çykyş etmegi başardylar. Ildeşlerimiz bu ýaryşda dürli medallaryň 15-sine mynasyp boldular. Çekeleşikli tutluşyklar türkmen pälwanlaryna 3 altyn, 3 kümüş hem-de 9 bürünç medal getirdi. 71 kg-de Muninjan Arzikulow,

Halkara ýaryşyň ýeňijileri

Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndy topary ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy. Bu halkara ýaryşy 7 döwletden 140-dan gowrak boksçyny bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 8 türgeninden we tälimçi-mugallymdan hem-de eminden ybarat sport wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen boksçulary bu bäsleşigi 8 medal bilen jemlediler. Olar bir altyn, bir kümüş hem-de 6 bürünç medallardyr.Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Sabyrow 54 kg agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň 78-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Gurbanberdiýew 60 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medal gazandy. Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow 46 kg agram derejesinde, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meýlis Şadurdyýew 54 kg-de, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurmyrat Saparow 48 kg-de, Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hojamberdi Öwezniýazow 57 kg-de, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Arzuw Bäşimow 67 kg-de, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mustapa Muhammetdurdyýew 92 kg-de bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýaşlar barha kämilleşýär

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylyp, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3x3 basketbol boýunça (U18) Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. 10-11-nji fewralda geçen ýaryşa 18 topar gatnaşdy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinjilikde öňdeligi eýelän toparyň düzüminde sport mekdebimiziň türgeni Islam Agabalaýew hem çykyş etdi. Ony ýaryşa mekdebimiziň tälimçisi Berdi Atahanow taýýarlady. Türgenimiziň şeýle ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi bizi has-da buýsandyrdy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça uly öňegedişlikler gazanyldy. Türkmen sportunyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak babatda biziň zähmet çekýän sport mekdebimiziň öňünde hem uly wezipeler durýar.

Kalplarda orun alan miras

Pälwançylyk, göreş tutmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan şu maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde okyjylary biparh goýmaz diýip pikir edýäris. Türkmen milli göreşiniň köp sanly emellerinden ussatlyk bilen baş çykaryp, isleg bildirenlere göreş sungatyny öwretmäge yhlas bilen ýapyşýan adamlar halkymyzda «süňk» pälwan diýlip atlandyrylypdyr. Esasan, baýrak üçin göreşýänler ýa-da göreş tutup durkalar namartlyk edýänler çyn, ýagny «süňk» pälwanlar tarapyndan ýazgarylypdyr.

Behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhy