Kalplarda orun alan miras

16 Fewral 2024
534

Pälwançylyk, göreş tutmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan şu maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde okyjylary biparh goýmaz diýip pikir edýäris.

Türkmen milli göreşiniň köp sanly emellerinden ussatlyk bilen baş çykaryp, isleg bildirenlere göreş sungatyny öwretmäge yhlas bilen ýapyşýan adamlar halkymyzda «süňk» pälwan diýlip atlandyrylypdyr. Esasan, baýrak üçin göreşýänler ýa-da göreş tutup durkalar namartlyk edýänler çyn, ýagny «süňk» pälwanlar tarapyndan ýazgarylypdyr.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.