Döwrebap ýyladyşhana

1 Aprel 2023
799

Döwletimiz telekeçiligi yzygiderli höweslendirýär we ony goldaýar. Bu günki gün türkmen işewürleri ähli pudaklarda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň öndürýän azyk önümleri — türkmeniň bereketli saçagynyň bezegi. Ilatyň gündelik isleginden peýdalanýan bu önümler ekologiýa taýdan arassalygy, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Kiçi we orta telekeçilik ulgamynda önümçilige täze tilsimatlar, kämil enjamlar ornaşdyrylyp, bäsdeşlige ukyply, uly islegden peýdalanýan azyk önümleri öndürilýär. Şunda ýyladyşhanalara uly orun degişlidir. Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň biri Kaka etrabynda ýerleşýär. Ol «Ýigit» hojalyk jemgyýetine degişlidir.

Ýyladyşhana üçin 1000 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu meýdanlaryň ählisi özleşdirildi. 34 gektar ýeri ýyladyşhana toplumy tutýar. Onda pomidoryň «Huanita», «Merlis», «Tommimaro muçe» sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu görnüşler diňe ýurdumyzda däl, daşary bazarlarda-da bellidir. Ýyladyşhanalara dünýä belli «Siemens», «Crundfas», «Wilo», «Intacrone», «Thermata» kompaniýalarynyň tehnologik enjamlarynyň ornaşdyrylandygy aýratyn bellärliklidir. Bu enjamlar howa ulgamyny, ýagny ýylylygy, çyglylygy, ýagtylygy kada laýyk saklamaga ýardam edýär. Olar awtomatik usulda sazlanýar. Şu ýerde ýene bir bellemeli zat, şertler deň bolsa-da, pomidorlaryň her biriniň hasyllylygy biri-birinden tapawutlanýar. Käbir mysallara salgylanalyň! Pomidorlaryň «Huanita», «Merlis» sortlarynyň şitili oturdylandan 90 gün geçen soň hasyl berip ugraýar. «Huanita», esasan, naharhanalarda, restoranlarda işdäaçarlary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Pomidoryň bu görnüşi daşary bazarlarda-da uly islege eýedir. Onuň her bir gektaryndan 120 tonna çenli hasyl alyp bolýar. «Merlisiň» hasyllylygy has ýokarydyr. Ol bir gektardan 300 tonna çenli hasyl berýär.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».