Bal tagamly önümler

31 Mart 2023
841

Baharda zenanlar hakda gürrüň etmek ýakymly. Bu, megerem, bahar paslynyň zenanlara meňzedilýändigi üçin şeýledir. Hususy eýeçilikde önümçilik kärhanalaryny döredip, halkymyzyň bereketli saçaklarynyň azyk önümleri bilen baýlaşmagyna goşant goşýan telekeçi zenanlarymyzyň sany barha artýar. Olaryň biri hem bal tagamly konditer önümleri bilen tanalýan «Balam» konditer kärhanasynyň ýolbaşçysy Amandursun BEGJANOWADYR. Ýakynda bu telekeçi zenan bilen kärhanada alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetdeş bolduk.

— Konditer kärhanaňyzyň işläp başlanyna köp wagt geçmedigem bolsa, önümleriňiz diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem tanalýar. Tiz wagtda adygyp gitmegiňize sebäp bolan zat näme?

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».