«Mukaddesiň» süýjülik dünýäsinde

23 Mart 2023
1755

Körpejelerden: «Iň süýji zat näme?» diýip sorasaňyz, aglabasy: «Tort» diýer. «Tort süýjülikleriň seresi» diýseňem, hakykata golaý gelýär. Çünki onuň düzümine şekerden başlap, süýji nygmatlaryň ählisi diýen ýaly girýär, miwelidir şokoladly, doňdurmaly tortlar-da bar. Şatlykly günlerimizde desterhanymyzy süýjülik tortlary bezeýär. Nika toýlaryndaky süýjülik tortunyň görnüşi-de, lezzeti-de başgaça bolýar. Onda ýaş çatynjalara durmuş süýjülikleriniň arzuwy bar. Ynha, telekeçi gelin Munira Mustafakulowa şeýle süýji tortlary taýýarlamagyň ussady. Onuň ýolbaşçylygyndaky «Mukaddes» süýjülik merkezi süýjülik dünýäsini ýada salýar. Ol ýerde tortlaryň ona golaý görnüşi bilen birlikde, dürli konditer önümleri hem taýýarlanylýar.

Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.