Hususy pudagyň üstünlikleri

22 Mart 2023
828

17-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ir bilen dabaraly açylyşa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra dabara döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

Bilşimiz ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Şol gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 200-den gowrak gatnaşyjy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine sergide aýratyn üns çekildi.

Ýörite habarçymyz.