Maşgalanyň berkligi — döwletiň mizemezligi

22 Mart 2023
753

«Maşgalam — baş galam» diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Bu bolsa «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen ýörelgäniň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, goralýan, kämilleşdirilýän ýeridir. Maşgalada watansöýüjilik, namysjaňlyk, halallyk, dogruçyllyk, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlary perzentleriň aňyna guýlupdyr. ªonuň netijesinde hem tutuş jemgyýetde adamlaryň özara gatnaşyklarynda şol ýörelgeleriň rowaçlanmagy gazanylypdyr.

Maýa Agaýewa,
welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.