Uçmagy özlerine öwrederdim

17 Mart 2023
776

Maşgala diýlende her bir ynsanyň önüp-ösüp, kemala gelen ýeri göz öňüňde janlanýar. Maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýamak öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen halky «Maşgalam — baş galam» diýýär. Halk içinde kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasyny sorap-ideýärler. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolanda, şol ojakda beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär. Her bir ene-atanyň arzuwy perzentleriniň il-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegidir.

Perzentlerimize nähili terbiýe bersek, biziň dowamatymyz hem şoňa bagly. Gadym döwürlerde bir adam Abu Bekr As-Suludan çagalaryň asylly, ene-atasyna gulak asýan, edep-terbiýeli bolmagy üçin näme etmelidigi barada sorapdyr. Şonda ol: «Ene-atalar toprak, perzentler şol toprakda biten ösümlikdir. Ösümligiň ýagdaýy topragyň hiline bagly. Çagany eý görmeli, ýöne oňa gowy terbiýe hem bermeli» diýipdir. Kolumbiýaly beýik ýazyjy Gabriel Markesiň: «Men çagalara ganat berip, özlerine uçmagy öwrederdim» diýşi ýaly, biz ýaş nesle durmuş atly möwç urýan ummanda özbaşdak ýüzmegi, olaryň ýetmeli menzillerine biziň beren öwüt-ündewlerimiziň, edep-terbiýämiziň, görüm-göreldämiziň kömegi bilen ýetmegini öwretmeli.

Laçyn AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.