Eneler keramat ak süýdi kimin

9 Mart 2023
792

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Käbä deňelýän mähriban enelerimiz, öý-ojagyna wepaly gelinlerimiz, edep-ekramly gyzlarymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Olar erkekler bilen deň hatarda döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimizde zenanlaryň hukugy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylda gol çeken «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen berkidilendir.

Ýurdumyzda zenanlaryň çekýän zähmetine, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki hyzmatyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Muňa golaýda bütin ýurdumyz boýunça ýokary derejede bellenip geçirilen Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlarymyzyň birnäçesiniň «Zenan kalby» ordenine, sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen enelerimiziň «Ene mähri» diýen hormatly ada hem-de ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryna mynasyp bolmaklary hem şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öňüsyrasy dili senaly enelerimizden başlap, ýaşajyk gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa, ata Watanymyzda zenanlaryň hiç biriniň-de gözden salynmaýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Meňli AGALYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň Aşgabat şäher raýat ýagdaýynyň ýazgysynyň bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.