Hamyrmaýa

7 Mart 2023
867

Hamyrmaýa her öýüň rysgal-maýasy saýylýar. Ol hamyry aldyrmak üçin içine goşulýan turşadylan hamyr bölegidir. Oňa il içinde hamyrturşy hem diýilýär.

Hamyrmaýanyň taýýarlanylyşynyň dürli görnüşleri bar. Meniň mamam, ejem dagy hamyrmaýany dagda kerkawyň, arçanyň düýbünde, ýumşak toprakly ýerlerde ösýän alwan diýen ösümlikden taýýarlardylar. Alwanyň baldagy golboýudan uzynrak bolup, onuň miwesi topragyň astynda ýerleşýär. Her alwanyň diňe ýekeje miwesi bolýar. Alwanyň baldagyndan tutup çekseň, onuň çaga ýumrugy ýaly miwesi topragyň ýüzüne çykýar. Hamyrmaýalyk üçin bolsa diňe bir miwe ýeterlik. Alwan miwesini gowy ýuwsaň, ol ap-ak bolýar.

Ogulbaýram KULYÝEWA,
Aşgabat şäheri.