Salam, bahar!

5 Mart 2023
1052

Salam, serwi kamatly, elwan köýnekli, gülgün ýaglykly «biri ýaşyl, biri sary, biri al» älemgoşarly, şahyr aýtmyşlaýyn: «edepli-ekramly, gunduz goşarly» bahar! Hoş geldiň, biziň illere! Biziň görke, gözellige baý, dünýäniň gyzgyn ýüregi ýaly gürsüldäp urup duran gadymy hem müdimi Garaguma — gyzgyn gonalgamyza, ýaşyl ýaşalgamyza! Sen nurly Güneşiň, mylaýym mähriň bilen ynsanlaryň kalbyna ýagşylyk, ýagtylyk eçil, köňüllere güneş bolup çaýyl, adamzat ählini iň kämil, iň tämiz, iň nurana duýgularyň bilen baharlaşdyr.

Baharyň buşlukçysy bugdaý damjalar «ös, saçym, ös, bilime guşak» diýip, oýnap ýören güneş gulpaklyja gyzjagazlaryň aýasyna seçelensin. Goý, türkmen sährasynda baky solmaz köz-köz gülälekler, al-al çigildemler, elwan läleler bark ursun, ýuwa, ýelmik bol bolsun, ýaşyl ýylaklar ýüwrük ýellere ygşyldasyn, selmeler parç bolsun, ýaşmakly gelin kömelekler ýer astyndan jyklap, bahar güneşine sary ymtylsynlar, maýsaly meýdanlar gözüňi dokundyrsyn, baglar pyntyk ýaryp, erikleriň, alçalaryň... pyntyklary ak patrak bolup açylsyn, aňrysyna göz ýetmeýän çaga umytlary ýaly biserhet ýaşyl ýaýlalar toý lybasyny geýsin, gözelligiň göz görmedik güwäsi, päkizeligiň peýker perişdesi hasaplanýan başýuwluga saçyny ýuwan gyz bütin beýik barlykdan bidin ýürekden eý görýän çopan ýigidini ýatlap:

Gurbandurdy ORAZOW,
«Biznes reklama».