Zenanlaň bagtyndan gülleýär Watan

1 Mart 2023
1167

Eneleriň bagtyndan Watan gülleýär. Çünki enäniň hüwdüsinde egsilmez watançylyk söýgüsi, halkyna wepadarlyk duýgusy möwç urýar. Dünýäniň manysy, ýaşaýşyň belent mukamy enäniň pessaýja ýaňlanýan şirin hüwdüsinde jemlenendir. Eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Zeminiň göwher täjine deňelýän zenanlarymyzyň syýasatda, adalat, kanunçylyk ulgamynda, döwlet dolandyrylyşynda, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda bitirýän hyzmatlaryna diýseň uly baha berilýär hem-de mähriban zenanlarymyz ýokary derejeli döwlet sylaglary bilen yzygiderli sylaglanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Eneligi we çagalygy goramak boýunça bahasyna ýetip bolmajak beýik işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, hormatly dynç alyşdaky mährem enelere, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli düzümlerde zähmet çekýän gelin-gyzlara, talyp, okuwçy gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hem pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bagtyýarlykdan, mizemez döwletlilikden nyşandyr. Arkadagly Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, olara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi ýurdumyzda türkmen zenanyna goýulýan belent sarpadan aýdyň mysallardyr. Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen oňyn gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Mähriban enelerimiziň, mylaýym gelin-gyzlarymyzyň ýüzleriniň nury hiç haçan solmasyn! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň dilegleri, arzuw-islegleri hasyl bolsun!

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.