Polatdan ýasalýan tekje ulgamlary

20 Fewral 2023
734

Türkmenistanda metal önümleri öndürýän «Eyyam Group» hususy kärhanasy dürli maksatly tekje ulgamlaryny hödürleýär.

Sowuk urgy usulynda polatdan ýasalan we reňk tozy bilen reňklemek usulynda taýýarlanan berk, metal tekjeler dürli zatlary, hatda agyr zatlary-da saklamaga ukyply. Olar söwda nokatlarynda, ammarlarda, ussahanalarda, kärhanalarda, kitaphanalarda we resminama şkaflarynda (kartotekalarda) peýdalanylýar.

Ferangiz MIRZAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.