«Parahat» hususy kärhanasy 30 ýaşaýar

20 Fewral 2023
827

30 ýaşy mynasybetli, kärhana täze — «Ýegana» haryt nyşanly şokolad önümçiligine başlady.

Araňyzda şokolady halamaýanyňyz-a ýok bolsa gerek. Onda-da gyş günlerinde gyzgynja kofe bilen fundukly, hozly, pisseli şokolady kim halamaz. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, şokolad ýürege düşýän agramy azaldýar, myşsalary we nerw ulgamyny pugtalandyrýar, şeýle-de, gartaňlyk ýaşa ýetilende, akyl näsazlyklarynyň döremeginiň öňüni alýar. Bular subut edilen hakykat. Çünki, şokoladyň düzüminde magniý, kaliý, kalsiý, demir, B witamini bar. Mundan başga-da, onda deriniň çeýe hem-de ýylmanak bolmagyna ýardam berýän flawonoidler köp. Ine, şokoladyň peýdaly taraplarynyň käbirleri. Indi bolsa gürrüňi «Parahat» hususy kärhanasynyň täze önümi — «Ýegana» barada dowam edeliň.

Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».