Siz diňe iň gowusyna mynasyp!

17 Fewral 2023
1044

Her lybasyň öz döreýiş taryhynyň bolşy ýaly, şol lybasy geýen günleriňem süýji ýatlamalary bolýar. Bu barada dünýä belli modaçylaryň biri: «Toý lybasyny saýlanyňyzda, egniňize däl-de, göwnüňize laýygyny saýlaň. Sebäbi siz diňe lybasy saýlamak däl, ömrüňizde gaýtalanmajak hem ýatdan çykmajak pursady döredýändigiňizi unutmaň» diýýär. Bagtyýar günlerimizde «Mynasyp» hususy modalar öýüniň döredýän owadan lybaslary gelin-gyzlarymyzy bezese, olary geýen zenanlarymyz toýlarymyzy bezeýär. Biz özboluşly, döwrebap biçüwli geýimleri bilen tapawutlanýan, diňe bir öz halkymyzda däl, eýsem, goňşy halklarda-da tanalýan meşhur «Mynasyp» modalar öýüniň iş dolandyryjysy Dildara Jumabaýewa bilen söhbetdeş bolduk.

— Dildara gelneje, amerikan-fransuz modasynyň waspçysy bolan «Harper’s Bazaar» modalar žurnalynyň redaktory Diana Wriländ: «Moda edil howa ýaly, hemişe üýtgeýär. Lybaslarda döwrüň ösüşini görmek bolýar. Egin-eşigiň üsti bilen ähli duýgyny berip, görüp hem duýup bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, lybaslarda her döwrüň özboluşly aýratynlygy bar. Moda adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň tizleşýän döwründe özüňi çalt tanatmagyň dilidir. Sizem özboluşly lybaslaryňyz bilen az salymyň içinde halk arasynda abraý gazandyňyz. Kiçijik iňňäniň ujundan başlanan, türkmen modasynyň döwrebap merkezine öwrülen «Mynasyp» modalar we tikinçilik öýüňiziň ilkinji ädimleri dogrusynda gürrüňe başlaýalyň.

Söhbetdeş bolan Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».