«Täç Hil»: sanawymyza täze önüm — «titi» goşuldy

12 Fewral 2023
825

Özüniň köpýyllyk tejribesi hem-de ýokary hilli önümleri bilen tanalýan «Täç Hil» hususy kärhanasy geçen hepde «titi» haryt nyşanly aýna arassalaýjy serişdeleriň önümçiligine başlady. Kärhananyň ýokary hilli bu önümi hojalykda gündelik ulanylýan arassaçylyk serişdeleriniň öňdäki hatarynda boljakdygy ikuçsuzdyr. Çünki «titi» haryt nyşanly ýokary hilli aýna arassalaýjy amatly bahalardan hödürlenýär. Şeýle-de, täze önümi gelin-gyzlarymyz egin-eşik ütüklänlerinde çyglandyrmak üçin hem ulanyp bilerler.

«titi» aýna arassalaýjy beýleki meňzeş önümlerden hapalary aňsatlyk bilen aýyrmagy, yz (çyrşak) galdyrmaýanlygy, şeýle-de, gorag gatlagy emele getirip, birnäçe wagtyň dowamynda tozanlaryň typyp gaçmagyna ýardam berýändigi bilen tapawutlanýar.

Çeşme: br.com.tm