Mebel dünýäsine syýahat

8 Fewral 2023
769

Hakykatdan-da, ýoluň düşüp, mebel dükanyna girseň, mebel dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Töweregiňi gurşap alan, görnüşleri boýunça-da, dizaýny babatda ýa-da reňkleriniň sazlaşygynda-da biri-birini gaýtalamaýan dürli mebellerden gözüňi aýryp bilmeýärsiň. Şol pursat owadan mebelleriň birini myhman otagyňda, ýene birini aşhanaňda göz öňüňe getirersiň. Girelgäňdäki mebeli hem täzeläsiň gelip, oňa gelşäýjek zamanabap mebeliň ýanynda ep-esli eglenersiň. Çünki häzirki zaman mebelleriniň owadan dizaýny, milli bezegi, reňkleriniň dürli-dürlüligi, rahatlygy özüne çekýär. Şeýle mebelleriň öz ýurdumyzda, türkmen işewürleri tarapyndan öndürilmegi bolsa olaryň ekologik taýdan arassalygyndan nyşandyr.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýörite Mebel toplumynyň açylmagy bu ugurdan iş alyp barýan telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Uzaboýuna ýerleşýän hususy mebel kärhanalarynyň her birinde çig maly gaýtadan işläp, mebelleriň dürli görnüşini ýasamak üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler bar. Tejribeli telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Şemşat Aşyralyýewanyň ýolbaşçylygyndaky «Çigildem» mebel kärhanasynyň önümhanasy hem bu toplumda ýerleşýär. Önümhana Germaniýa, Italiýa, Türkiýe döwletlerinden getirilen ýokary öndürijilikli tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Ýeri gelende, bu hususy kärhana tarapyndan ýurdumyzda ilkinji bolup tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän aşhana plitalarynyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny aýtmak gerek. Häzirki wagtda telekeçiler gojaman Köpetdagyň eteginde täze dörän Arkadag şäheriniň hem-de Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryny elektrik plitalary bilen üpjün etdiler.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.