Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

1 Fewral 2023
950

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär.

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary muňa mysal bolup biler.  

Sultanjan HAÝYDOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.