Baldan datly täze önümler

27 Ýanwar 2023
1476

Ýo­ka­ry hil­li önü­mi ön­dür­mek­de il­kin­ji bas­gan­çak, şo­ko­lad­ly, süý­jü­lik önüm­le­riň gyz­gyn­lyk hem-de so­wat­ma tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň saz­la­nyl­ma­gy­dyr. «Ak na­bat» ha­ryt ny­şan­ly kon­di­ter önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na bu ugur­da jo­gap­kär­li iş alyp bar­ýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, importyň ornuny tutýan ýokary hilli konditer önümlerini öndürýän hususy taraplaryň sany barha artýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümlerimizi ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Şeýle ýokary hilli önümleri halkymyza ýetirýän kärhanalaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak nabat» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanasydyr. Telekeçi Aknabat Nurmämmedowanyň ýolbaşçylygynda bu ýerde dürli görnüşli konditer önümlerini öndürmek boýunça onlarça iş alnyp barylýar.

Ogulnar AZAT GYZY,
«Diýar».