Ene söýgüsi

10 Ýanwar 2023
835

Ene söýgüsinde gudrat, dörediji güýç bar. Ene söýgüsi biserhetdir, onuň çägi ýokdur. Ene söýgüsi perzendi baradaky alada, onuň gowy adam bolup ýetişjekdigine ynam, sagdyn ösüp-ulalmagy, rahat durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Perzendi ulaldygyça, enäniň aladalary köpelýär. Şirin hüwdüler, mähir-muhabbet, ak süýdi bilen balasyny ýagty jahana höwrükdiren enäniň durmuşdaky wezipeleri, borçlary, jogapkärçiligi barha artýar. Ene çagasynyň bu barlygy söýmegine kömek edýär, özüni kämilleşdirmegi, beýlekiler bilen gatnaşyk guramagy öwredýär. Ene ogul-gyzlaryna mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde ilkinji we baş mugallym hökmünde çykyş edýär, çagalaryň edepli bolup ýetişmekleri, ilki bilen, ene terbiýesine baglydyr. Ejelerimiz bizi özbaşdak durmuşa taýýarlaýar. Ejeler käte aşa talapkär, berk tutýan ýaly görünýär, emma aslynda beýle däldigine soň-soňlar göz ýetirýäris. Ene öz çagalarynyň özbaşdak durmuş gurup, öz aýaklarynyň üstünde berk durup bilmegi üçin zerur binýady döretmegiň aladasynda ýaşaýar. Enäniň söýgüsi perzende ylham berýär, durmuşy öwredýär, howplardan, kynçylyklardan halas edýär. Enäniň söýgüsi şertsizdir, sebäbi ene perzendini haýsydyr bir üstünligi, baýlygy, hereketleri ýa-da häsiýetleri üçin däl-de, ony bütin dünýäniň öňünde goramaga taýynlyk bilen, çyn ýürekden söýýär.

Ynsan ejesiniň elleri bilen bütin dünýä tutunar eken, baglanyşyk gurar eken. Köp çagaly maşgalanyň körpe gyzy bolanym üçin ejem bir ýere gitmeli bolsa, meni ýanyna ýoldaş edinerdi. Şonda hemişe meniň kiçijik ellerim ejemiň elinde bolardy. Hatda iki eli ýükli bolsa-da, ejem ýolda-yzda asla elimi goýbermezdi. Indi seredip otursam, men goňşy-golamlar, garyndaşlar bilen gatnaşygy ejemiň elleriniň üsti bilen tutunypdyryn. Her gün daň saz berende, ejemiň namazlygyň üstünde oturyp, ertir namazyndan soňra edýän doga-diileglerine oýanardym. Ol dogaýy sözler düýşlerim bilen garyşyp, üýtgeşik duýgulary bagyşlardy. Ejem beýik Biribardan ulus-ilimizi, olaryň arasynda öz perzentlerinem görner-görünmez bela-beterlerden goramagyny dileg ederdi. Aslynda, dünýädäki ähli eneleriň dilegleri birmeňzeş ahyry. Olar hemmeler, şolaryň arasynda çagalary üçin hem diňe ýagşy dileg-doga edýärler.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».