Towşan ýylynda doglanlar barada

23 Dekabr 2022
2015

Her bir ynsan özboluşly häsiýete, ukyp-başarnyga eýedir. Alymlar ynsan häsiýetini, ukyp-başarnygyny olaryň ýyldyz belgilerine, müçe ýyllaryna görä toparlara bölýärler. Žurnalymyzyň şu sanynda towşan ýylynda doglan zenanlaryň başarnyklary, häsiýetleri barada bilermenleriň pikirlerine salgylanyp, söhbet etmek isleýäris.

Towşan ýylynda doglan zenanlar örän özboluşly, ukyply, salyhatly, açykgöwünli we hoşgylaw bolýarlar. Olar islendik adam bilen dil tapyşmagy başaryp, her bir zada gowy göz bilen garaýarlar. Bu ýylda doglan zenanlar özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýarlar. Ýokarda agzalan, hut zenana mahsus bolan ajaýyp häsiýetleri bilen olar köpçülik ýerlerinde hem uly sylaga eýe. Towşan ýylynda doglan zenanlary aljyratjak gümanyň bolmaz. Çünki olar islendik ýagdaýda hem özlerini parahat, arkaýyn alyp barmaga ukyplydyrlar.

Taýýarlan Selbi ALTAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.