Täze ýyla taýýarlyk

16 Dekabr 2022
774

Täze ýyl hemmeleriň, aýratyn-da, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygydyr. Çagalar üçin bu baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmeginiň iň esasy sebäpleriniň biri-de Täze ýyl sowgatlarydyr. Aýazbabanyň goşhaltasyndaky sowgatlaryň köp böleginiň milli önümlerden ybarat bolmagy türkmen telekeçileriniň üstünlikli iş alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Bizem baýramçylyk saçaklarynyň bezegi bolan konditer önümleriniň öndürilişi hem-de Täze ýyl sowgatlarynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşmak üçin «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň Änew şäherindäki konditer önümçiligi boýunça kärhanasynda bolduk.

Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi goldamak ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň hili ýokarlanyp, görnüşleri köpelýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileri bazarlarymyzda önüm bolçulygyny üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge uly goşant goşýar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».