Telekeçilik işiniň kanunçylygy

15 Dekabr 2022
884

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasynda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bolsa her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şondan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk resminamalary bu ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Orazmämmet ORAZMÄMMEDOW,
Esenguly etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.