Işewürleriň eksport paýy artýar

14 Dekabr 2022
758

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär.

Welaýatymyzyň telekeçileri şu ýylyň geçen on bir aýynda önümleriň 33 million 643 müň 260 manatlyga golaý eksporta iberdiler. Munuň özi ABŞ-nyň 9 million 612 müň 359 dollaryna barabardyr. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilmegi netijesinde welaýatymyzyň işewürleriniň dünýä bazaryndaky orny barha giňelýär. «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri ABŞ-nyň 3 million dollarlyk möçberdäki senagat harytlaryny eksporta iberdi. «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti tarapyndan önümleriň 392 müň 995 dollarlygy eksporta ýollanyldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda öz önümlerini eksporta iberýän hususy kärhanalaryň sany 16-a ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertleriň döredilmegi eksport gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Kurbandurdy ÇARYÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.