Telekeçilik işinde iň amatly telekeçilik çözgütlerini saýlap alyp, kabul etmek üçin imitasion we ekspert nusgalar bilen bir hatarda optimallaşdyrylan nusgalar hem peýdalanylýar. Çözgütleriň mümkin bolan görnüşleriniň iň amatlysyny saýlap almak prosesine, optimallaşdyrmak (latynça optium – iň gowusy, iň amatlysy) prosesi diýlýär.
Çözgütleriň optimallaşdyrylmagy (amatlaşdyrylmagy) ýörelgesi dolandyryş, meýilnamalaşdyrmak, çaklamak, taslama-meýilnamalaşdyrmak, önümçilik we täjirçilik nazaryýetinde giňden peýdalanylýar. Emma, onuň ulanylmagy adatça, ýönekeýleşdirilen görnüşe eýe bolup, bar bolan görnüşleriň içinden iň gowysyny saýlap almak bilen baglanyşyklydyr.