«Ýyldyz» nyşanly milli lybaslar

25 Noýabr 2022
1287

 (zarisowka)

Zenanlara mahsus şeýle häsiýet bar: goý, ol egin-eşik bolsun ýa-da şaý-sep bezegleri, göwnümize ýarasa, gözümize ýakymly görünse, ony edinmegiň arzuwynda bolýarys. Üýtgeşik biçüwde ýa-da ýakasy owadan nagyşly lybaslary geýen gyz-gelinleri görenimizde, bu gözelligiň haýsy ussadyň elinden çykandygy bilen gyzyklanýarys. Altyn güýzüň başynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen sergä baranymyzda, «Ýyldyz» nyşanly milli önümler ünsümizi çekdi. Täze önümçilige dörän gyzyklanma bizi paýtagtymyzyň G.Ezizow köçesiniň 26-njy jaýyna alyp bardy.

Keýik UMAROWA,