Telekeçilige — giň ýol

16 Noýabr 2022
764

Il bähbitli tagalla

Garaşsyz döwletimizde telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine uly üns berilýär. Sebäbi, döwlete degişli bolmadyk bu çygryň ösdürilmegi halk hojalygynda täze öndüriji güýjüň ýylsaýyn kuwwatlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde hususyýetçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň gerimi giňeýär. Bu bolsa önümleriň, harytlaryň bolçulygyny döredip, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hiliniň ýokarlanmagyna getirýär.